ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherinde geçirilen “Masters” tennis ýaryşynda serbiýaly Nowak Jokowiç ýeňiş gazandy. Ol kanadaly Miloş Raoniçi 2 sagat 2 minutlap dowam eden finalda 2:1 (1:6, 6:3, 6:4) hasabynda ýeňmegi başardy. Bu onuň şu möwsümdäki 3-nji, “Masters” ýaryşlaryndaky 35-nji, karýerasyndaky 80-nji çempionlygy boldy. Şu ýyl geçiren 23 duşuşygynda-da ýeňiş gazanan Jokowiç “ATP 1000 Masters” ýaryşlarynyň 9-synda hem 2 gezek çempion bolan ilkinji tennisçi hökmünde taryha girdi. Ýeri gelende aýtsak, bu “Masters” ýaryşy adatça Sinsinnatide geçirilýärdi. Ýöne kowid – 19 sebäpli ýaryş Nýu Ýork şäherinde guraldy. 

Ýaryşda zenanlaryň arasyndaky final duşuşygy ýaponiýaly Naomi Osakanyň şikesi sebäpli oýnalmady. Netijede, beýleki finalçy Wiktoriýa Azarenka ýaryşyň çempiony boldy. Bu kubok Wiktoriýa Azarenkanyň 2016-njy ýyldan soň, ilkinji çempionlygy hökmünde hasaba alyndy.