Zenanlaryň arasyndaky UEFA Çempionlar ligasynyň finalynda edil erkekleriň arasynda bolşy ýaly, fransuz hem-de nemes klublary duşuşdy. Ýöne bu ýaryşda nemes klub däl, fransuz topary ýeňiş gazandy. Ispaniýanyň Sen Sebastian şäherindäki “Anoeta” stadionynda oýnalan finalda Fransiýanyň “Lion” topary “Wolfsburgy” 3-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Lionyň” gollaryny Eujeni Le Sommer (26), Saki Kumagai (45) hem-de Sara Býokr Gunnarsdottir (89), “Wolfsburgyň” ýeke-täk goluny bolsa, Aleks Popp (59) derwezä girizdi. Şeýlelikde, “Lion” bassyr 5-nji, umumylykda 7-nji gezek yklymyň iň uly kubogyny eýelemegi başardy. Fransiýaly zenanlar 2011-nji hem-de 2016-nji ýyllardan soň, 2016-njy ýyldan bäri çempionlyk gazanyp gelýär. 2 gezek kubogy eýelän “Wolfsburg” bolsa, 2016-njy, 2018-nji ýyllardan soň, 3-nji sapar finalda ýeňildi.