20 ýyl­dan bä­ri «Bar­se­lo­na­da»
Ma­ka­la­nyň söz­ba­şy­sy as­lyn­da köp­ler üçin geň hem bol­sa, soň­ky gün­le­rde iň köp eşi­dil­ýän söz­le­r. Mes­si bi­len «Bar­se­lo­na» bi­ri-bi­ri bi­len ýug­ru­lan, bi­ri-bi­ri­niň için­den eriş-ar­gaç bo­lup ge­çen iki at. Is­pa­ni­ýa­dan müň­ler­çe ki­lo­metr uzak­da dün­ýä inen Mes­si üçin «Bar­se­lo­na» ýö­ne­keý fut­bol to­pa­ryn­dan has çuň­ňur ma­ny­ny aň­lad­ýar. «Bar­se­lo­na» üçi­nem Lio­nel Mes­si ýö­ne­keý, ada­ty fut­bol­çy­dan has ýo­ka­ry. Hä­zir­ki wagt­da we­lin, iki­si­niň ara­syn­da aý­ra­lyk şe­ma­ly be­lent­den öwüs­ýär. Mes­si to­par­dan git­mek is­le­ýän­di­gi­ni res­mi ýag­daý­da be­ýan et­di. Hat­da onuň haý­sy to­par­a geç­jek­di­gi ba­ra­da-da dür­li gür­rüň­ler edil­ýär.

1987-nji ýy­lyň 24-nji iýu­nyn­da dün­ýä inen Lio­nel Mes­si «Bar­se­lo­na» klu­bu­na il­kin­ji ädi­mi­ni äden­de, en­tek ýa­ňy bir 13 ýa­şap­dy. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa, 33 ýa­şy ar­ka atan su­per ýyl­dyz özü­niň fut­bol kar­ýe­ra­sy­nyň soň­ky dö­wür­le­ri­ni baş­dan ge­çir­ýär. 20 ýyl­lyk dö­wür­de Mes­si «Bar­se­lo­na» bi­len ga­za­nyl­ma­dyk ku­bok, tä­ze­len­me­dik re­kord goý­ma­dy diý­sek, öte geç­di­gi­miz bol­maz. Dün­ýä bel­li «La Ma­sia­da» («Bar­se­lo­na­nyň» ýet­gin­jek­ler to­pa­ry) «Bar­se­lo­na­nyň» äh­li men­ta­li­te­ti­ni do­lu­ly­gy­na öz­leş­di­ren Mes­si 2004-nji ýyl­dan bä­ri ka­ta­lon­la­ryň iň esa­sy ýyl­dy­zy­na öw­rül­ýär. 2005–2006 möw­sü­min­den baş­lap tu­tuş dün­ýä­niň ün­sü­ni özü­ne çe­ken Mes­si­niň ady en­tek 20 ýaş­la­ry­na ýa­ňy ýe­ten­de, ge­çir­ýän gol­la­ry, ed­ýän til­sim­le­ri, gar­şy­daş to­pa­ryň oýun­çy­la­ry­ny al­dap geç­me­gi, ur­gu­la­ry, aja­ýyp pas­la­ry bi­len fut­bo­lyň iki ägir­di Pe­le­dir Ma­ra­do­na­nyň at­la­ry bi­len bi­le­lik­de ag­za­lyp ug­ra­ýar.

To­pa­ryň iň köp gol ge­çi­ren fut­bol­çy­sy
Wag­tyň geç­me­gi bi­len Mes­si­niň ady, şöh­ra­ty ha­sam be­len­de gal­ýar. «La Li­ga­da» yz­ly-yzy­na çem­pi­on­lyk­lar ga­za­nyl­ýar. Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da ta­ry­hy ba­şar­nyk­la­ra eýe bo­lun­ýar. «Bar­se­lo­na» Mes­si­niň çy­kyş eden ýy­llaryn­da ku­bok­la­ry­nyň sa­ny­ny ep-es­li art­dy­ryp, bu ugur­da yk­ly­myň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­nyň ha­ta­ry­na go­şul­ýar. FI­FA Klub­lar ara­sy Dün­ýä Ku­bo­gy, UEFA Su­per Ku­bo­gy, Is­pa­ni­ýa­nyň Şa Ku­bo­gy, Is­pa­ni­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy ýa­ly ýa­ryş­la­ryň ku­bok­la­ry Mes­si­niň «Barselonada» uly buý­sanç bi­len as­ma­na gö­te­ren ku­bok­la­ry­nyň sa­na­wy­ny düz­ýär. Ge­çir­ýän gol­la­ry bi­len ýy­lyň iň ne­ti­je­li oýun­çy­sy bol­mak onuň üçin ada­ty ha­sa­ba­ta öw­rül­ýär. «La Li­ga­da», Ýew­ro­pa­da iň ne­ti­je­li fut­bol­çy bol­mak onuň üçin o di­ýen kyn bol­ma­ýar. Bir möw­süm­de (2011–2012) «Bar­se­lo­na­nyň» dü­zü­min­de 70 gol ge­çi­ren Mes­si ýüz­ler­çe to­par­dan hem ýo­ka­ry ne­ti­je gör­ke­zip, köp­le­re «bäý­bäää» diý­di­rip­di. 6 sa­ny «Al­tyn top», FI­FA-da, UEFA-da ýy­lyň fut­bol­çy­sy baý­rak­la­ry — onuň ga­za­nan esa­sy şah­sy sy­lag­la­ry­dyr.
Ol 2004-nji ýyl­da «Bar­se­lo­na­nyň» dü­zü­min­de 6 du­şu­şyk­da 77 mi­nut oý­nap­dy. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa, ol äh­li ýa­ryş­la­ry ha­sa­ba ala­nyň­da, 731 oýun­da meý­dan­ça çyk­ýar. 634 gol ge­çi­rip, 285 go­la asist ýar­da­my­ny ber­ýär. «Bar­se­lo­na­nyň» «iň köp» di­ýip baş­la­ýan äh­li gör­ke­zi­ji­le­rin­de öňe saý­la­nan Mes­si to­pa­ryň, hat­da «La Li­ga­nyň» iň köp gol ge­çi­ren fut­bol­çy­sy, şol birwag­tyň özün­de ka­ta­lon­la­ryň iň köp çy­kyş eden, iň köp gol pa­sy­ny be­ren fut­bol­çy­sy­dyr.
Mes­si­niň fut­bol uky­by­na söz ýok, bu ba­ra­da je­del­le­şip otur­ma­gyň ze­rur­ly­gy hem ýok. Pe­le­dir Ma­ra­do­na­nyň oý­nan ýyl­la­ry­na nä­be­let­ler Mes­si­ni äh­li za­ma­na­la­ryň iň ök­de fut­bol­çy­sy ha­sap­la­ýar­lar. Bu iki ägirt Mes­si­niň döw­rün­de, ýag­ny fut­bo­lyň ýo­ka­ry de­re­je­de fi­zi­ki güýç ta­lap ed­ýän döw­rün­de oý­nan bol­sa­dy­lar, ola­ra beý­le be­lent de­re­jä ýet­mek ba­şart­maz­dy diý­ýän­le­riň sa­ny az däl. Ha­wi, Inies­ta, Ped­ro, Bus­kets, Pu­ýol, Pi­ke ýa­ly fut­bol­çy­lar bi­len Mes­si­niň «La Ma­sia­dan» bä­ri bi­le­lik­de oý­na­ma­gy, to­pa­ryň oý­nu­ny gaý­ta­lan­ma­jak aja­ýyp­lyk­la­ra el­tip­di. Ýö­ne esa­san hem Ha­wi bi­len Inies­ta­nyň to­par­dan git­me­gi Mes­si­niň oý­nu­na oňaý­syz tä­sir ed­ýär. Ola­ryň iki­si-de Mes­si­ni di­ňe bir go­wy ta­na­man, eý­sem, onuň oýun uky­by­ny hem okap, in­di­ki ädim­de nä­me­ler et­jek­di­gi­ni hem bil­ýär­di­ler, gys­ga­ça aý­dy­lan­da, go­wy dü­şü­niş­ýär­di­ler.

Il­kin­ji ädim­ler…
Mes­si­niň soň­ky wagt­lar­da «Bar­se­lo­na­da» özü­ni öň­kü­ler ýa­ly duý­ma­ýan­dy­gy ba­ra­da ha­bar­lar­da hä­li-şin­di be­ýan edil­ýär­di. Neý­ma­ryň PSŽ to­pa­ry­na trans­fer edil­me­gi Mes­si­niň keý­pi­ni ga­çy­ran wa­ka­la­ryň bi­ri bol­ýar. Trans­fer edi­len Dem­be­le, Kou­ti­nio, Griz­mann ýa­ly ýyl­dyz­la­ryň bol­sa, Mes­si bi­len jy­ny jyň­ky­ryş­maýar we bu­lam to­pa­ryň fut­bo­ly­na oňaý­syz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Hat­da ma­hal-ma­hal Mes­si to­pa­ryň trans­fer sy­ýa­sa­tyn­dan nä­gi­le­di­gi­ni hem be­ýan ed­ýän be­ýa­nat­lar ber­ýär­. Şu ýy­lyň few­ral aýyn­da Mes­si bi­len to­pa­ryň baş­ly­gy Bar­te­mo­nyň, şeý­le-de ozal­ky to­par­da­şy we to­pa­ryň sport di­rek­to­ry Erik Abi­da­lyň (ýa­ňy ýa­kyn­da we­zi­pe­si­ni taş­la­dy) ara­la­ry­na tow düş­ýär. Mah­la­sy, soň­ky ýyl­lar­da Mes­si­niň «Bar­se­lo­na» bi­len ara­sy az-ow­lak açy­lyp baş­la­ýar. Esasan hem to­pa­ryň 5 ýyl­dan bä­ri Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ku­bo­gy­ny ga­za­nyp bil­mez­li­gi, o di­ýen güýç­li bol­ma­dyk tä­lim­çi­le­riň we­zi­pä bel­len­me­gi Mes­si­niň keý­pi­ni ga­çyr­ýar­dy. Şol se­bäp­li ma­hal-ma­hal Mes­si­niň ady baş­ga klub­lar bi­le­nem ag­zal­ýar­dy. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, hiç kim onuň to­par­dan gi­de­ri­ne ga­ra­şa­nok­dy. Em­ma hä­zir­ki wagt­da we­lin, ýag­daý baş­ga­ça do­wam ed­ýär.

we 8–2-lik ýeň­liş soň­ky öw­rüm bol­ýar
Mes­si­niň sa­byr kä­se­si­ni dol­du­ran wa­ka to­pa­ryň «Ba­wa­ri­ýa­dan» 8–2 hasabynda as­gyn gel­me­gi bol­ýar. On­dan öň­ki ýyl­lar­da to­pa­ryň «Ro­ma­dan» 3–0, ge­çen ýyl­da «Li­wer­pul­dan» 4–0 utu­lyp ýa­ryş­dan çyk­ma­gy hem Mes­si­ni şu ýag­da­ýa ge­ti­ren bas­gan­çak­la­ryň bi­ri. Ýö­ne soň­ky ýeň­liş ju­da ýat­dan çyk­ma­jak wa­ka öw­rül­ýär. Myş-myş­la­ra gö­rä, Mes­si oýun­dan soň, eşik çal­şyl­ýan ota­ga ju­da ga­har­ly gi­rip, bu ýag­daý bi­len yla­laş­ma­ýan­dy­gy­ny pert söz­ler bi­len be­ýan ed­ýär. Lis­sa­bon­dan Bar­se­lo­na şä­he­ri­ne ba­ra­nyn­dan soň, Mes­si maş­ga­la­sy bi­len ge­ňe­şip, baş­ga to­pa­ra geç­mek is­le­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­ýär. Şon­dan soň, onuň pi­ki­ri­ni hä­zir­lik­çe üýt­get­mek hiç ki­me ba­şart­ma­ýar. Klu­buň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, tä­ze tä­lim­çi Ku­ma­nyň eden ta­gal­la­la­ry hä­zir­lik­çe ne­ti­je ber­me­ýär.
Ýö­ne Mes­si­ni trans­fer et­mek o di­ýen ýe­ňil iş däl. Hem Mes­si­ni, hem-de ony trans­fer et­mek is­le­ýän to­par üçin ýag­da­ýy kyn­laş­dyr­ýan iň esa­sy zat­ şert­na­ma­da­ky 700 mil­li­on ýew­ro­lyk öwez­tö­leg pu­ly bo­lup dur­ýar. Hü­när­men­le­riň çak­la­ma­sy­na gö­rä, şol me­se­lä­ni-de oýun­çy alyş-çal­şy­gy we goş­ma­ça tö­leg ýol­la­ry bi­len çöz­mek bo­lar. Ýö­ne iň esa­sy zat iki ta­ra­pyň-da yla­la­şyk­ly bol­ma­gy­nyň, mun­dan soň­ky ýyl­lar üçin açyk ga­py­la­ryň gal­dy­ryl­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­ny bi­ler­men­ler aý­ra­tyn bel­le­ýär­ler. Ýö­ne Mes­si­niň «Bar­se­lo­na­ny» nä­hi­li ýag­daý­da terk eden­de hem, bu iki ta­rap, esa­san hem, ka­ta­lon­lar üçin ju­da gy­nanç­ly bol­jak­dy­gy ikuç­suz­dyr. Ma­li­ýe ba­bat­da-da hem «Bar­se­lo­na», hem «La Li­ga» uly ýit­gä se­ze­war bo­lup bi­ler. Aý­ra­ty­nam «El Kla­si­ko» du­şu­şyk­la­ry­nyň to­ma­şa­çy sa­ny­nyň pe­se gaç­ma­gy müm­kin. Mu­ny «La Li­ga­nyň» baş­ly­gy hem şu söz­ler bi­len be­ýan ed­ýär: «Mes­si­niň to­par­dan git­me­gi çem­pio­na­ty­myz üçin ju­da uly ýit­gi bo­lar». Mes­si­niň to­par­dan git­me­gi­ni is­le­me­ýän­ler di­ňe ka­ta­lon­la­ryň jan­kö­ýer­le­ri däl, eý­sem, ola­ryň eze­li bäs­de­şi «Re­al Mad­ri­diň» ka­pi­ta­ny Ser­hio Ra­mos hem Mes­si­niň to­par­da gal­ma­gy­nyň ta­rap­da­ry. Ol bu ba­ra­da: «Mes­si özi ba­ra­da nä­hi­li ne­ti­je çy­kar­sa-da biz oňa hor­mat go­ýa­rys. Ýö­ne ol to­par­dan beý­le ýag­daý­da git­me­li däl­mi­kä diý­ýä­rin. Mes­si­niň is­pan fut­bo­ly, «Bar­se­lo­na» hem-de bi­ziň üçi­nem klub­da gal­ma­gy­ny is­le­ýä­rin. Mes­si­niň «La Li­ga­ny», «El Kla­si­ko­ny» has özü­ne çe­ki­ji ed­ýän oýun­çy­la­ryň iň esa­sy­sy­dy­gy gür­rüň­siz» di­ýip, öz bäs­de­şi­niň öw­gü­si­ni ýe­tir­ýär.
Şu hep­dä­niň do­wa­myn­da «Bar­se­lo­na» to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len Mes­si­niň ka­ka­sy hem me­ne­je­ri Hor­ge­niň öza­ra ge­çi­ren gep­le­şik­le­rin­de­n hem anyk ne­ti­je çyk­ma­ýar. Ýö­ne ka­ka­sy Mes­si­niň azyn­dan ýe­ne-de bir ýyl ka­ta­lon­lar­da oý­na­mak müm­kin­çi­li­gi­niň bar­dy­gy­ny bellemeginden soň, onuň geljek tomusda kluby terk etjekdigi baradaky habarlar çykyp başlaýar. Öňü­miz­dä­ki gün­ler­de Mes­si­niň ýe­ne-de 1 ýyl «Bar­se­lo­na­da» ga­lyp-gal­ma­jak­dy­gy, eger gi­däý­se-de haý­sy to­pa­ra git­jek­di­gi anyk bel­li bo­lar.