Meş­hur bri­tan aý­dym-saz to­pa­ry «The Be­at­les» hak­da aw­to­bi­og­ra­fik ki­tap 2021-nji ýy­lyň aw­gust aýyn­da sa­tu­wa çy­kar. Ter­ji­me­hal be­ýan edil­ýän tä­ze eser «The Be­at­les Get Back» diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Ki­tap, to­pa­ryň iň soň­ky stu­di­ýa al­bo­my bo­lan «Let it be»-niň dö­re­dil­me­gi­niň ta­ry­hy­na ba­gyş­lan­ýar. «The Be­at­les Get Back» soň­ky 20 ýyl­da ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len dört şahs hak­da­ky il­kin­ji ki­tap­dyr. To­pa­ryň il­kin­ji ter­ji­me­ha­ly 2000-nji ýyl­da ne­şir edi­lip­di. Ki­tap­da 1960-njy ýyl­dan 1970-nji ýy­la çen­li bo­lup ge­çen wa­ka­lar ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Sa­zan­da­la­ryň ýaz­ga ge­çi­ren gep­le­şik­le­ri aw­to­bi­og­ra­fik ki­ta­byň öze­ni­ni dü­zer. Ki­ta­byň gi­ri­şi­ni ta­ny­mal iň­lis ýa­zy­jy­sy Ha­nif Ku­reý­şi ýa­zar. Şeý­le hem, «Li­wer­pul dört­lü­gi­niň» muş­dak­la­ry to­pa­ryň öň nä­bel­li bo­lan köp san­ly su­rat­la­ry­ny syn­lap bi­ler­ler.
«The Be­at­les» to­pa­ry 1960-njy ýyl­da dö­re­dil­ýär. Onuň dü­zü­mi­ne Jon Len­non, Pol Mak­kart­ni, Jorj Har­ri­son we dep­rek­çi Pi­t Best da­gy gir­ýär, ýö­ne 1962-nji ýyl­da dep­rek­çi­niň ýe­ri­ne Rin­go Starr gel­ýär. 1962-nji ýyl­dan 1970-nji ýy­la çen­li «Li­wer­pul dört­lü­gi» köp mil­li­on nus­ga bi­len ýaý­ra­dy­lan 12 al­bo­my­ny, 13 mi­ni-al­bo­my­ny we 22 gram­mo­fon plas­tin­ka­sy­ny çy­kar­ýar. To­pa­ryň soň­ky stu­di­ýa al­bo­my «Let it be» 1970-nji ýyl­da çyk­ýar.