Bri­tan ne­şi­ri «Ba­sings­to­ke Ga­zet­te»-niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Hamp­şir graf­ly­gyn­da ýer­leş­ýän Beý­zings­to­uk şä­he­rin­dä­ki ki­tap­ha­na­la­ryň bi­rin­de tä­sin wa­ka bol­dy. Oky­jy­la­ryň bi­ri­niň oka­ma­ga alan ki­tap­la­ry­ny 48 ýyl­dan soň yzy­na gaý­ta­ryp ber­me­gi ki­tap­ha­na iş­gär­le­ri­ni haý­ran gal­dyr­dy.
Şä­he­riň «Ba­sings­to­ke Discovery Cent­re» ça­ga­lar ki­tap­ha­na­sy­na içi­ne iki ki­tap sal­nan buk­ja ge­lip go­wuş­ýar. Ola­ryň bi­ri Tre­win Kopls­tou­nyň «Reňk bi­len bi­na­gär­li­gi öw­ren­mek: gur­lu­şy­gyň aja­ýyp sun­ga­ty» diý­lip at­lan­dy­ryl­sa, beý­le­ki­si Wil­bert Od­riniň «Ki­çi­jik de­mir ýol he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Oky­jy­nyň bu ki­tap­la­ry 1972-nji ýyl­da ki­tap­ha­na­dan alan­dy­gy bel­li bol­ýar. Şeý­le hem buk­ja­da «En­di» ady bi­len gol çe­ki­lip, ki­tap­la­ry yzy­na gaý­ta­ra­nyň ýaz­gy­sy bar. On­da «Bu ki­tap­la­ry 1972-nji ýyl­da Beý­zings­to­uk­dan gö­çüp gi­de­ni­miz­de, tö­tän­den özü­miz bi­len alyp gaý­dyp­dy­rys. Men bu ki­tap­la­ry giç yzy­na gaý­tar­ýan­ly­gy­m üçin ötünç so­ra­ýa­ryn» diý­lip ýa­zy­lyp­dyr.
Ki­tap­ha­na iş­gär­le­ri ki­tap­la­ry yzy­na gaý­ta­ryp be­ren­ En­di at­ly ada­myň özü­ni gö­rüp bil­me­di­ler. Ýö­ne «Si­ziň ýaz­gy­ňy­zy okap biygty­ýar ýyl­gy­ra­ny­my­zy duý­man gal­dyk. Bag­ty­my­za, bu ki­tap­la­ry ýe­ne bir ge­zek gö­re­ni­mi­ze be­gen­ýä­ris» di­ýip, şä­her ga­ze­ti ar­ka­ly oňa ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.
Ýö­ne ki­tap­ha­na iş­gär­le­ri hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da ki­tap­la­ryň gi­jik­di­ri­lip ge­ti­ri­len­li­gi üçin je­ri­me­le­riň ýa­ty­ry­lan­dy­gy­ny aýt­dy­lar. Şeý­le hem, ki­tap­la­ryň şun­ça wagt­lap sak­lan­ma­gy­nyň «re­kord de­re­je­de­di­gi­ni» bel­läp, gi­jik­di­ren­li­gi üçin je­ri­me­ler ha­sap­lan­an ha­la­tyn­da, on­da En­di­niň ki­tap­ha­na 10,800 dol­lar tö­le­me­li bol­jak­dy­gy­ny ýaň­zyt­dy­lar.

Selbi Gutlyýewa,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň
Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň müdiri.