Häzirki wagtda dowam edýän “Pariž Masters” tennis ýaryşynyň 2-nji tapgyrynda ispaniýaly Rafael Nadal watandaşy Felisiano Lopesi 3 setde (4:6, 7:6, 6:4) ýeňlişe sezewar etdi. Bu ýeňiş 34 ýaşly Nadalyň karýerasyndaky 1000-nji ýeňşi hökmünde hasaba alyndy. Şunlukda, ol tennisiň taryhynda erkekleriň arasynda “Açyk döwürde” 1000 ýeňşe ýeten 4-nji tennisçi boldy. Ondan öň amerikaly Jimmi Konnors (1274 ýeňiş), şweýsariýaly Rojer Federer (1242), asly çeh, amerikaly Iwan Lendl (1068) öňdäki 3 orny eýeleýär. 

Nadal şu wagta çenli çempionlyk gazanyp görmedik “Pariž Masters” ýaryşynyň 3-nji tapgyrynda awstraliýaly Jordan Tompsony hem ýeňmegi başardy. Ol çärýek finalda watandaşy Pablo Karrenýo Busta bilen duşuşar.