Halkymyzda çaga doglandan başlaýan toýlaryň yzy şatlykly wakalar bilen sepleşýär. «Diş toýy», «galpak toýy» ýaly dabaralar her bir çagaly maşgalanyň şowhunyny artdyrýar. Süýt dişleriniň çykmagy bilen halkymyz çaganyň üstünden ak patrak seçip, sagdyn, patrak ýaly ak, aňsatlyk bilen dişleri çyksyn diýip, ýagşy niýet, gowy arzuwlar edýärler. Süýt dişleri çaga 4-6 aýlyk wagty çykyp başlaýar. Süýt dişleriniň çykmagy bilen körpejäniň bedeninde diş etiniň gyzaryp çişmegi, bedeniniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, işdäsiniň peselmegi, ýaňaklarynyň gyzarmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Käbir çagada agyry döremeýändigini nygtamak gerek.
Diş çykanda döreýän agyryny ýeňilleşdirmek üçin lukmanlar bilen maslahatlaşyň! Şeýle hem diş üçin ýörite niýetlenen çeýnelýän oýunjaklary beriň! Olaryň arassaçylygyna aýratyn üns bermelidigini unutmaň! Çaganyň diş etini owkalamaly, körpejäniň ünsüni bölüp, oýna güýmener ýaly ýagdaý döretmeli. Çaga mylaýym çemeleşmeli, köp üns bermeli, körpejäni aglatmajak bolmaly.
Akjemal RAHMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.