Awst­ri­ýa bilen Awst­ra­li­ýa bi­ri-bi­ri­ne ga­ty uzak­da ýer­leş­ýän ýurt­lar bol­sa hem olaryň at­la­ry örän meň­zeş. Eý­sem, mu­nuň se­bä­bi nä­me­de­kä? Awst­ri­ýa Ýew­ro­pa­da ýer­leş­ýän esa­sy ila­ty ne­mes­ler­den eme­le ge­len döw­let. Awst­ra­li­ýa bol­sa Ýe­riň iň çet­ki ýurt­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, köp mil­let­li bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu ýurt, esa­san, en­de­mik haý­wan­la­ry, şol san­da ken­gu­ru­la­ry bi­len ta­nal­ýar.
Awst­ri­ýa ir­ki dö­wür­ler­de ne­mes dil­li knýaz­lyk­la­ryň bi­ri bo­lan Ba­wa­ri­ýa­ny hem öz içi­ne al­ýan ýurt­dy. Ady beý­le­ki ne­mes knýaz­lyk­la­ryn­dan gün­do­gar­da bo­lan­dy­gy üçin «Ös­ter­reich», ýag­ny «Gün­do­gar­da­ky döw­let» diý­me­gi aň­lad­ýar­dy.
Awst­ra­li­ýa­nyň ady­nyň bol­sa ne­mes­ dili bi­len hiç hi­li bag­la­ny­şy­gy ýok. Uzak ara­ly­ga gid­ýän gä­mi­le­riň peý­da bol­ma­gy bi­len ýurt­la­ryň ara­syn­da söw­da gat­na­şyk­la­ry ösüp, ge­og­ra­fik açyş­lar edi­lip baş­lan­dy. Adam­lar şol dö­wür­ler Ýe­riň ýü­zün­dä­ki­ler ba­ra­da köp zat bil­me­ýär­di­ler we gü­nor­ta­da has köp ýe­riň bar­dy­gy­ny çak­la­ýar­dy­lar. Şol se­bäp­li ol ýe­ri la­tyn­ça «Ter­ra Aust­ra­lis», ýag­ny «Gü­nor­ta­da­ky ýer» di­ýip at­lan­dyr­dy­lar. Il­ki has köp ýe­ri aň­la­dan hem bol­sa, bu söz soň­lu­gy bi­len hä­zir­ki wagt­da Okea­ni­ýa­nyň esa­sy bö­le­gi­ni düz­ýän Awst­ra­li­ýa­nyň ady bo­lup gal­ýar. Ne­ti­je­de, Awst­ri­ýa we Awst­ra­li­ýa ne­mes we la­tyn dil­le­rin­den eme­le ge­lip, eti­mo­lo­gi­ýa ba­bat­da meň­zeş­li­gi ýok­dur.