Kä­ha­lat­lar­da sa­pak­la­ra taý­ýar­la­ny­lan­da ýa-da öz­baş­dak tä­ze bir zat öw­re­ni­len­de köp wagt sarp edi­len­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, go­wy ne­ti­je alyp bol­ma­ýar. Wagt bol­sa gym­mat­ly. Okuw ders­le­ri bi­len bir ha­tar­da öý iş­le­ri­ne, sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga, oý­na­ma­ga hem ýe­tiş­me­li. Eý­sem, sa­pak­la­ra taý­ýar­la­ny­lan­da, wag­ty­my­zy nä­hi­li peý­da­lan­ma­ly, nä­dip go­wy ne­ti­je al­ma­ly?! Bu o di­ýen kyn däl. Mu­nuň üçin kä­bir mas­la­hat­la­ra gu­lak asa­lyň!
Öňü­ňiz­de mak­sat go­ýuň! My­sal üçin, bir hep­de­lik wagt ta­lap ed­ýän öý işi­ni bir gün­de gu­tar­jak bol­maň! Ony her gün az-az­dan ýe­ri­ne ýe­ti­rip du­ruň! Şeýt­se­ňiz, hö­we­si­ňiz gaç­maz.
Oka­mak ýa-da haý­sy­dyr bir öý işi­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin ýag­ty, so­wuk ýa-da ys­sy bol­ma­dyk, ka­da­ly ýy­ly­lyk­da­ky ýe­ri saý­laň! Ol ýer­de si­ziň ün­sü­ňi­zi böl­jek hiç hi­li zat bol­ma­syn.
Ma­hal-ma­hal di­ňe öz ota­gy­ňyz­da däl, eý­sem, beý­le­ki otag­lar­da, aş­ha­na­da ho­wa­nyň ýag­da­ýy­na gö­rä da­şar­da hem ki­tap okap bi­ler­si­ňiz.

Dynç al­ma­gy ýa­dy­ňyz­dan çy­kar­maň!
Ders­le­ri­ňi­ze taý­ýar­lan­ýan wag­ty­ňyz ara­syn­da sag­ly­gy­ňyz üçin peý­da­ly bo­lan iý­mit­le­ri iýiň! Oka­ýan wag­ty­ňyz dü­zü­min­de şe­ke­riň muk­da­ry köp bo­lan ta­ýyn ta­gam­la­ry iý­mäň!
Oka­ma­ly, öw­ren­me­li za­dy­ňy­z köp bolsa, ýe­ter­lik dynç al­ma­gy, iý­mit­len­me­gi we ýe­ňil maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi ýa­dy­ňyz­dan çy­kar­maň!
Uzak wagt­lap sto­luň ba­şyn­da otur­mak sag­ly­gy­ňy­za hem-de ün­sü­ňi­zi oku­wa jem­le­mä­ge oňaý­syz tä­sir edip bi­ler. Şol se­bäp­li ma­hal-ma­hal ýe­ri­ňiz­den tu­rup, gez­me­läň, pen­ji­rä­ni açyp, aras­sa ho­wa­dan dem alyň!
Okuw oka­mak üçin sto­luň ba­şy­na geç­mez­den ozal, te­le­fon, te­le­wi­zor ýa­ly en­jam­la­ry öçü­riň ýa-da olar­dan daş­la­şyň!
Tä­ze bir za­dy öw­ren­mek üçin iň peý­da­ly usul­la­ryň bi­ri bel­lik et­mek ha­sap­lan­ýar. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar, öw­ren­me­giň tä­ze usul­la­ry peý­da bol­sa-da ýa­zyp öw­ren­mek tä­sir­li­li­gi­ni sak­lap gal­ýar. Tä­ze söz­le­riň ma­ny­sy­ny öw­ren­mek, bil­me­ýän za­dy­ňy­zy ýa­zyp bel­lik et­mek has go­wy öw­ren­mä­ge ýar­dam eder.
Wag­tyn­da öw­ren­me­giň aň­sat­dy­gy­ny unut­maň! Öw­re­ni­len te­ma­ny we ber­len öý işi­ni şol gün ýe­ri­ne ýe­tir­mek we gaý­ta­la­mak has go­wy öz­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär.