BAGTYÝAR DÖWLETIŇ BITARAPLYK SYÝASATY DABARALANÝAR
Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr» atly kitabynda şeýle ajaýyp jümleler bar: «Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy döwlet-syýasy ülňüsi hökmünde seçip aldy. Bütin dünýäde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmek hormatyna mynasyp bolan türkmen Bitaraplygy hakykatdan hem gudratdyr.»
«Ilim abat – özüm abat», «Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl», «Özüňi süýt bilgil – dostuňy gaýmak» diýen ýaly nakyllardyr atalar sözleri türkmen jemgyýetinde taryhyň gadymy döwürlerinden biziň häzirki günlerimize çenli myhmansöýerlige, hoşniýetlilige, pespällige näderejede ýokary ähmiýet berlendigini görkezýär. Hormatly Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasaty, hususan-da, hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik häzirki wagtda halkara ykraryna eýe boldy. Ýurdumyz Gаrаşsyzlygynyň ilkinji günlеrindеn bаşlаp, bitаrаplyk dаşаry syýasаtyny esаsy ugur hökmündе yglаn etdi we bu syýasatyň halkara-hukuk derejesinde ykrar edilmegi ugrundaky tagallalary tapgyrlaýyn esasda amala aşyrmak boýunça işleri amala aşyrdy.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birlеşеn Millеtlеr Gurаmаsynyň Bаş Аssаmblеýasynyň «Türkmеnistаnyň hеmişеlik bitаrаplygy» Rezolýusiýasynyň 185 agza döwletleriň birаgyzdаn goldamagynda kabul edilmegi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden amala aşyrýan oňyn bitaraplyk daşary syýasat ugrunyň halkara hukuk esaslaryna doly eýe bolmagyny alamatlandyrdy.
Halkara jemgyýetçiligi, şol sanda, iri halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy hem ýurdumyzyň hemişelik bitaraplygynyň mysalynda halkara gatnaşyklarynyň tejribesiniň hil taýdan täze anyk nusgalarynyň biriniň döreýändiginiň şaýady boldy. Bitaraplyk bize dostlarymyzyň bir giden durmuş ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyk edýän goňşularymyzyň köpelmegine ýardam etdi. Türkmenistanyň Bitaraplygy Merkezi Aziýa sebitinde dartgynlylygyň peselmegine, howpsuzlygyň berkemegine, döwletara gatnaşyklarynyň ýygjamlaşmagyna, hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna we ösmegine, birnäçe dawalaryň öňüniň alynmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirdi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä derejesinde ykrar edilmegi halkara gatnaşyklary we diplomatiýa taryhynda ilkinji gezek bolup geçdi we şu wagta çenli ýeke-täk tejribe bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bitaraplygynyň şu aýratyn esaslaryna ünsi çekmek zerurdyr:
Türkmenistanyň bitaraplygy özüniň gelip çykyşy boýunça halkara hukugynyň düzgünlerine laýyklykda ‒ ykrar edilen bolup durýar, ýagny ol halkara-hukuk ýagdaýy BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly ýörite Rezolýusiýasy bilen berkidilendir.
Türkmenistanyň bitaraplygy özüniň görnüşi boýunça hemişelikdir, ýagny ol taryhy döwürlere we şertlere garamazdan, harby ýagdaýlarda-da, parahatçylykly durmuşda-da hereket edýär we berk berjaý edilýär.
Türkmenistanyň bitaraplygy özüniň mazmuny boýunça oňyn häsiýete eýedir, ýagny ol halkara syýasatynyň işjeň guraly bolmak bilen, barha kämilleşýär we parahatçylygy goldamakda giň mümkinçilikleri açýar.
Dünýä bileleşigi şu günki gün hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygyndaky bitarap Türkmenistanyň daşary-syýasy kuwwatynyň barha ösýänliginiň şaýady bolýar. Bu kuwwat bolsa syýasy-diplomatiki serişde hökmünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde doly derejede hereket edýär. Türkmenistanyň bitaraplygy halkara hukugynyň we diplomatiýanyň, şeýle hem parahatçylygy dörediji gepleşikleriň oňyn tejribesiniň, halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge ýardam berýän iri başlangyçlary öňe sürmek bilen öňüni alyş çäreleriniň aýrylmaz utgaşygyny emele getirýär. Ýurdumyzyň BMG-niň çäklerinde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde amala aşyrmak, parahatçylygy gorap saklamak we dürli döwletleriň arasynda özara ynanyşmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça öne sürýän halkara başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Goý, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň dünýä ähmiýetli beýik işleri we Gahryman Arkadagymyzyň tutumly başlangyçlary geljekde-de has uly ösüşlere beslensin!
Aýgözel Sopyýewa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.