9-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) hem-de Hindistanyň iri “Asian News International” (ANI) habarlar agentliginiň arasynda habarlary alyşmak hakynda Ähtnama gol çekildi.
Wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen gepleşikleriň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň maglumatlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy hem-de ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, milli köpçülikleýin habar beriş serişdelerini mundan beýläk-de dünýä maglumatlar giňişligine goşulyşmagy hem-de ýurdumyzyň durmuşyny hemmetaraplaýyn beýan etmek, halkara gatnaşyklaryny şöhlelendirmek, türkmen döwletiniň halkara derejesinde abrýyny belende götermek maksady bilen kesgitlenilen ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridir.
ANI-niň wekilleri şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk ýörelgelerine hem-de ýurdumyzyň maglumatlar syýasatyna esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň liderleriniň özara saparlarynyň barşynda kesgitlenilen esasy ugurlary bu agentlikleriň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň hatarynda görkezildi.
Taraplar wideoaragatnaşyk arkaly gol çekilen Ähtnama laýyklykda dessin habarlary, Türkmenistanyň we Hindistanyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni-ynsanperwer durmuşy hakyndaky seljerme makalalaryny yzygiderli alşarlar.
“Asian News International” agentligi Hindistanda, sebitde we tutuş dünýäde 100-den gowrak düzümi özüne birikdirýän Günorta Aziýada esasy multimedia habarlar agentligi bolup durýar.