ABŞ-nyň ae­ro­naw­ti­ka we kos­mos gi­ňiş­li­gi­niň bar­lag­la­ry mü­dir­li­gi­niň (NA­SA) kos­mo­nawt­la­ry «SpaceX Crew-1» mis­si­ýa­sy­nyň çä­gin­de ýa­kyn wagt­da Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne ug­ra­mak mak­sa­dy bi­len uçu­şa taý­ýar­lyk gör­mek üçin Flo­ri­da şta­ty­nyň Ka­na­we­ral burnundaky kosmodroma gel­di­ler.
NA­SA-nyň kos­mo­nawt­la­ry Maýkl Hop­kins, Wik­tor Glo­wer we Şen­non Wo­ker, Ýa­po­ni­ýa ho­wa gi­ňiş­li­gi­niň göz­leg gul­lu­gyn­dan (JAXA) Soiti No­guti da­gy Ken­ne­di uçuş we go­nuş top­lu­my­na gel­di­ler. NA­SA-nyň ast­ro­nawt­la­ry agent­li­giň tä­jir­çi­lik uçuş mak­sat­na­ma­sy­nyň çä­gin­de ýa­kyn wagt­da «SpaceX Crew-1» kosmos gämisi bi­len Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di­ne ugur alar­lar. Olaryň HKB-däki missiýasy alty aý dowam eder. Kos­mos gä­mi­si­niň uçu­ryl­ma­gy dün­ýäniň kos­mos se­na­ga­ty üçin ta­ry­hy äh­mi­ýe­te eýedir. 2011-nji ýyl­da ABŞ-nyň çäk­le­rin­den «SpaceX» hususy kompaniýasy tarapyndan kos­mo­sa pi­lot­ly uçuş­lar ama­la aşy­ryl­yp başlandy.