3-nji noýabrda ABŞ-da geçirilen ählumumy saýlawlaryň netijeleri boýunça demokrat dalaşgär Jozef Baýdeniň ABŞ-nyň 46-njy Prezidenti boljakdygy öňe sürülýär. Ol Pensilwaniýa ştatynda ýeňiş gazanandan soň, ýeňiş üçin zerur bolan seslere eýe boldy. Pensilwaniýa ştatynda sesleriň 100 göterimi sanalandan soň, Baýden 49,6 göterim goldaw aldy. Şol bir wagtyň özünde ABŞ-nyň häzirki Prezidenti, respublikaçy dalaşgär Donald Tramp 49,1 göterim ses aldy.
Şeýlelikde, Jozef Baýden Pensilwaniýada 20 saýlaw wekiliniň sesine eýe bolup, ýeňiş gazanmak üçin zerur bolan 270 sesden geçirip, jemi 273 saýlaw wekiliniň sesini aldy. Şol bir wagtyň özünde, Tramp 214 saýlaw wekiliniň sesine eýe. Baýdeniň ýeňşi bilen demokrat Kamala Harris ABŞ-nyň ilkinji zenan wise-prezidenti bolar.
Ozal habar berlişi ýaly, 3-nji noýabrda ABŞ-da geçirilen ählumumy saýlawlarda 35 senator, Wekiller palatasynyň 435 agzasy, ştatlaryň we sebitleriň 13 häkimi we ýerli häkimiýetler saýlandy.
Bu ABŞ-nyň taryhynda 70 ýaşdan geçen respublikaçy we demokrat dalaşgärleriň ilkinji Prezident saýlawlarydyr. Häzirki syýasy çärä amerikanlaryň 66,9 göterimi gatnaşyp, ABŞ-nyň taryhyna girdi. Prezident saýlawlarynyň netijeleri boýunça kasam kabul edişlik dabarasy 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwaryna bellenendir.