Yzy­gi­der­li ki­tap oka­ýan oky­jy­lar has uzak ömür sür­ýär­ler. Bu ba­ra­da ABŞ-nyň Ýel uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry meş­hur «Social Science & Me­dicine» žur­na­lyn­da çap eden ma­ka­la­syn­da bel­le­ýär­ler. Ame­ri­kan alym­la­ry 12 ýyl­lap 3 müň 635 ame­ri­kan oky­jy­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ren bar­lag­la­ryn­dan soň şeý­le ne­ti­jä gel­di­ler. Ab­raý­ly ame­ri­kan uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry, el­li ýaş­dan uly bo­lan 3 müň 635 oky­jy­ny oka­ma­ga sarp eden wag­ty­na gö­rä to­par­la­ra bö­len­le­rin­den soň, ola­ryň ge­lip çy­ky­şy­ny we bi­lim­le­ri­ni na­za­ra alyp, oka­mak en­dik­le­ri­ni we oka­ma­gyň öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­na ýe­tir­ýän tä­si­ri­ni iç­gin öw­ren­di­ler. On iki ýyl do­wam eden bar­lag­lar­dan soň, alym­lar her gün­de iň bol­man­da ýa­rym sa­gat oka­ýan­la­ryň oka­ma­ýan­la­ra ga­ra­nyň­da, 2 ýyl uzak ýa­şa­ýan­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Olar ki­tap oka­ma­ga wag­ty­nyň ýok­lu­gyn­dan zeý­ren­ýän­le­re, te­bi­ga­tyň bu ba­ra­da ala­da eden­di­gi­ni we yzy­gi­der­li oka­mak üçin sarp edil­ýän wag­tyň goş­ma­ça ömür bo­lup, gaý­dyp gel­ýän­di­gi­ni bel­le­di­ler.