“Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” ýylynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda institutyň gyzlarynyň arasynda milli tagamlaryny we el işlerni wasp etmek boýunça “Elimiň hünäri” atly fakultetara bäsleşik geçirildi. Oňa institutyň talyp gyzlaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine görä gyzlar özleriniň döreden el işlerini we milli tagamlaryny dürli goşgularyň, rowaýatlaryň we tymsallaryň üsti bilen wasp etdiler. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, “Bereketli türkmen saçagy”, “Çaý – melhem hem ylham”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikler” atly kitaplaryndan dürli parçalary, rowaýatlary, tymsallary getiren gyzlaryň çykyşlary emin agzalarda uly täsir galdyrdy.
Bäsleşigiň jemlerine görä emin agzalardan düzülen topar ýeňijileri kesgitledi. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan talyp gyzlara sowgatlar we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşan talyp gyzlar özleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.