25-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň onlaýn duşuşygy geçirildi. Şonda türkmen tarapyna hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow, rus tarapyna bolsa Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk baştutanlyk etdiler. Duşuşyga şeýle hem iki dostlukly ýurduň birnäçe pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Taraplar türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesini tassyklap, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljegini, hususan-da, onuň şertnama-hukuk binýadyny ösdürmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy artdyrmak, senagat we maliýe-bank ulgamlarynda gatnaşyk etmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem geologiýa ulgamynda bilelikde işlemek baradaky meselelere deglip geçildi.
Duşuşygyň dowamynda ugurdaş düzümleriň arasynda tejribe alşylmagy bilen birlikde, täze koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns çekildi. Bilim ulgamynda gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna, hyzmatdaşlyk etmegiň gurallarynyň kämilleşdirilişine seljerme berildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň ýokary derejedäki ýolbaşçylarynyň ynanyşmagynyň we özara hormat goýmagynyň belent derejesiniň mundan beýläk-de netijeli döwletara gatnaşyklary üçin şertleriň döredilmegine umumy, ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönüden-göni hyzmat edýändigini nygtap, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň ýakyndan görüşmek arkaly geçirilmegine umyt bildirdiler.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministrliginiň arasynda elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.