Şu gün onlaýn görnüşde geçirilen “Merkezi Aziýa — Koreýa” nobatdaky hyzmatdaşlyk forumynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ekologiýa meselesi boýunça Türkmenistanyň eýeleýän ýörelgesini beýan etdi.
Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz daşky gurşawyň goralmagyna döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Munuň özi kabul edilen milli meýilnamalarda we maksatnamalarda, şeýle hem Türkmenistanyň öňe sürýän sebitleýin we halkara başlangyçlarynda ýüze çykýar. Hususan-da, howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa hem-de milli tokaý maksatnamasy bellenilip geçildi, şolar Pariž ylalaşygynyň ýörelgelerine kybap gelýär.
Ekologiýa degişli taslamalary amala aşyrmak, şol sanda tokaý hojalygy hem-de Türkmenistanda howanyň ýagdaýyna gözegçilik etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça koreý tarapy bilen gatnaşyklar barada aýdyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň örän möhüm ekologiýa meseleleriniň biriniň Aral deňziniň gurap barýandygyndan ybaratdygy aýratyn bellenildi. Bu mesele yzygiderli ýagdaýda ählumumy häsiýete eýe bolýar hem-de adam saglygyna örän ýaramaz täsirini ýetirýär, şoňa görä-de Türkmenistan bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýar.