Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky umumy maslahatyna hem-de GDA-nyň Parlament Assambleýasynyň umumy maslahatyna gatnaşdy.
Maslahata gatnaşanlaryň hatarynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, agzalary GDA-nyň edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri bar.
Mejlisiň Başlygy türkmen parlamentiniň alyp barýan işlerine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça we ähli halkyň goldawy bilen şu ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen Konstitusion kanunyň ähmiýetini belledi. Bu kanun ýurdumyzda iki palataly parlamentiň döredilmegini göz öňünde tutýar, bu bolsa Türkmenistanda demokratik özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň hem-de parlamentarizmiň dabaralanýandygynyň möhüm görkezijisidir.
Şu ýyl Milletler Bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň şanly 25 ýyllygyny belleýän döwletimiziň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işine ygrarlydygy nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko hemmeleri öňde boljak möhüm baýramçylyk – Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen yglan edilen 12-nji dekabrda bütin dünýäde bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.
Gün tertibine laýyklykda, GDA agza ýurtlaryň medeni miras ýerlerini gorap saklamak baradaky konwensiýanyň, GDA agza ýurtlaryň nusgawy zähmet kodeksiniň, GDA agza ýurtlar üçin nusgawy saýlaw kodeksiniň, şeýle hem “Bosgunlar hakynda”, “Inžiniring we inžiniring işleri hakynda”, “Paýly gurluşyk esasynda gozgalmaýan emlägiň gurluşygy hakynda“, “Nebit önümleriniň turbageçirijiler arkaly daşalmagynyň daşky gurşawa howpsuzlygy hakynda”, “Daglyk ýerleri ösdürmek we goramak hakynda”, “Parlament gözegçiligi hakynda”,”Mekdep sporty hakynda” nusgawy kanunlaryň taslamalaryna we beýlekilere seredildi.
Parlamentara Assambleýanyň umumy maslahatanda GDA agza ýurtlaryň sanly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi hem-de GDA agza döwletlerde çap edilen kanunlary elektron görnüşinde ibermekde umumy çemeleşmeleri döretmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda GDA agza döwletler üçin intellektual eýeçiligiň nusgawy kodeksine, şeýle hem “Kinematografiýanyň döwlet goldawy hakynda” we “Teatr we teatr çäreleri barada” nusgawy kanunlaryň taslamalaryna aýratyn üns berildi.