Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berildi. Ol ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, ilata dürli ugurlarda elektron görnüşinde hyzmat etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda müşderilere Internet ulgamynyň üsti bilen menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemek, şol sanda ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlara karzlary resmileşdirmekde sanly ulgamy ulanmak arkaly ýeňillikleri döretmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, karz edaralaryň resmi internet web-saýtlarynda karz almak boýunça bölümçe döredilip, raýatlara karz almak üçin arza bilen ýüz tutmak mümkinçiligi döredilýär. Bu hyzmatyň ornaşdyrylmagy bilen, karz edaralarynda nobatlaryň azalmagyna, karz bermek işleriniň dessinliginiň üpjün edilmegine, karz edaralarynyň hünärmenleriniň hem-de müşderileriň wagtynyň tygşytlanylmagyna ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna banklar tarapyndan ýurdumyzyň raýatlaryna karzlary resmileşdirmegi sanly ulgam arkaly ýerine ýetirmek baradaky teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda uly özgertmeleri başdan geçirýän bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Bu ugurda görüljek çäreler hödürlenýän hyzmatlaryň görnüşlerini hem-de milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýurdumyzyň karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz toplumynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň maksatnamasyna» laýyklykda amala aşyrylýan birnäçe maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Goturdepe nebitgaz ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek baradaky şertnama goşmaça ylalaşyk baglaşmak hakynda» Kararyň taslamasy hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasy ugurlarynyň baş maksadynyň baý tebigy serişdelerimizi has netijeli peýdalanmakdan, nebitgaz toplumynyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin onuň önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçiliklerini, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmakdan, ýurdumyzyň ilatynyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmagyň, ony köpugurly esasda ösdürmegiň we döwrüň talabyna laýyk getirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen Karara gol çekdi hem-de ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere geçirdi we daşary ýurt maýalaryny çekmek, dünýäniň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda döwlet tabşyrygyna girýän ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna we Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň çözgütlerine laýyklykda, welaýatlarda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary döredildi. Şolardan degişli tertibe laýyklykda, bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin hususy önüm öndürijilere ýer bölekleri uzakmöhletleýin ulanmak üçin bölünip berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz obasenagat toplumynda yzygiderli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ýurdumyzyň oba hojalygyny ýokary girdejili pudaga öwürmäge gönükdirilendigini belledi.
Şu maksat bilen hojalygy dolandyrmagyň täze netijeli usullaryny ulanmak, obasenagat toplumynda hususyýetçiligiň paýyny yzygiderli giňeltmek we öňdebaryjy kärendeçilere goldaw bermek zerurdyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyna we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow hormatly Prezidentimize gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, ulag-aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, şol sanda döwrebap enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň doly kuwwatynda işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Wise-premýer häzirki wagtda «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi tarapyndan deňiz flotuny ösdürmek, edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegiň hasabyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigini aýtdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyza wagtlaýyn gözegçilik edilýän pudaklarda, şol sanda gurluşyk, himiýa we elektroenergetika senagatynda işleriň ýagdaýy hem-de önümçilik we durmuş maksatly desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa geçelgelerini ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigini belledi we ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak ulgamynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de aragatnaşygyň döwrebap hyzmatlaryny hödürlemek meselelerine berk gözegçilik etmäge ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumynda durmuş-ykdysady strategiýany amala aşyrmak, döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamda bellän gaýragoýulmasyz wezipelerini çözmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Dokma pudagyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hem habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň ekologiýa taýdan arassa önümleriniň ýerli sarp edijilerde hem-de daşary ýurt bazarlarynda uly islegden peýdalanylýandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň bazar gatnaşyklaryna geçilýän şertlerde milli ykdysadyýetiň gazanýan üstünliklerini görkezýän esasy pudaklaryň hataryna girýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, haryt dolanyşygyny artdyrmagyň hem-de içerki bazaryň zerur önümlere isleglerini doly kanagatlandyrmagyň gaýragoýulmasyz wezipe bolup durýandygy nygtaldy. Eksport ugurly önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga aýratyn üns bermek wajypdyr.
Milli Liderimiz önümleriň hilini ýokarlandyrmaga we görnüşlerini giňeltmäge, hyzmatlar ulgamyny we marketingi mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Sanly tehnologiýalary işjeňleşdirmegiň çäklerinde döredijilik we önümçilik düzümleriniň arasynda içerki ulgam hereket edýär. Gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalary tehniki önümçilik bilen özara gatnaşyklary ösdürýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe gazetleriň we žurnallaryň düzümini kämilleşdirmek boýunça teklipler hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ýeten derejesini, içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny giňden wagyz etmek, taryhy ähmiýetli wakalary beýan etmek meseleleriniň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde durýan wajyp wezipelerdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, döwürleýin neşirleri elektron görnüşe we internet-ulgama geçirmek ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biridir. Onuň baş maksady neşirleri häzirki zaman ölçegleriniň derejesine çykarmakdan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz gazetleriň we žurnallaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen hödürlenen teklipleri makullap, elektron ulgama geçmek işini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz munuň ýurdumyzyň durmuşy, ýeten derejesi bilen halkara jemgyýetçiliginiň içgin tanyşmagyna mümkinçilik berjekdigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, häzirki türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda welosiped sportuny wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabrynda Olimpiýa şäherjiginiň welotrek toplumynda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmeginiň bu babatda möhüm ädim boljakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sport we bedenterbiýe hereketiniň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň çeşmesi bolup durýandygyny nygtady.
Milli Liderimiz halkara sport guramalary, şol sanda Halkara welosipedçiler birleşigi bilen netijeli gatnaşyklaryň aýdyň subutnamasyna öwrüljek welotrek boýunça dünýä çempionatynyň ähmiýetini belläp, bu abraýly ýaryşy ýokary derejede geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy we «2021-nji ýylda Aşgabat şäherinde welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakyndaky» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň halkara guramalary bilen ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlygynyň meýilnamalary barada hasabat berdi.
Bu hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan dürli halkara düzümleri bilen bilelikde uzakmöhletli Maksatnama hem-de Meýilnama işlenip taýýarlanyldy. Olaryň çäklerinde anyk taslamalar amala aşyrylýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada hasabat berildi. Bu resminamada BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, Halkara energetika agentligi, Energetika Hartiýasynyň sekretariaty we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara guramalary bilen özara gatnaşyklaryň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Şol strategiýa bolsa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge gönükdirilendir. Bu netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmäge gönükdirilen anyk teklipler bilen yzygiderli çykyş edýär.
Ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryna berk ygrarly bolmak bilen, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy amala aşyrýar, beýleki abraýly halkara düzümleri bilen netijeli gatnaşyk edýär hem-de dürli ulgamlarda gatnaşyklary has-da ösdürmäge taýýardyr.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, hödürlenilen resminamalaryň taslamalaryny makullady we wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda, şol sanda Türkmenistanyň öňe süren oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmek bilen baglylykda işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hormatly Prezidentimiziň harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, öňde goýan gaýragoýulmasyz wezipeleriniň harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwerlikli döwlet syýasatyna laýyklykda, kabul edilen goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň düzgünlerinden ugur almak bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça mundan beýläk-de netijeli çäreleriň görüljekdigini aýtdy.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi.
Täze hukuk namalaryny işläp taýýarlamak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň esasynda we hormatly Prezidentimiziň deputatlaryň öňünde goýýan wajyp wezipelerini nazara alyp taýýarlanylýar.
Hormatly Prezidentimiz milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Bu işler dünýewi döwletimiziň demokratik we hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, ykdysadyýetiň ýokary ösüş depgininiň üpjün edilmegine hem-de halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylmalydygyny belledi.
Mejlisiň jemini jemläp, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, ýylyň tamamlanyp barýandygyny, şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetini seljermek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli ösdürmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.