2-nji dekabrda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylary bilen TÜRKSOÝ halkara guramasynyň baş direktory Dýusen Kaseinowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga häzirki zaman kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly türki dilli döwletleriň köpsanly artistleri gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar halklaryň arasynda medeni gatnaşyklaryň, olaryň mirasyny sungatda wagyz etmegiň möhümdigini ara alyp maslahatlaşdylar. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna soňky ýyllarda «Görogly dessançylyk sungaty» (2015), «Küştdepdi aýdym we tans dessury» (2017), «Türkmen milli halyçylyk sungaty» (2019) ýaly türkmenleriň döredijilik zehininiň beýik gazananlary girizildi.
Dabaranyň resmi böleginden soňra Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli türki dilli ýurtlaryň köpsanlysynyň – Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň aýdymçylary we tans toparlarynyň agzalary türkmen halkyna gutlag bilen ýüzlendiler. Gutlaglara Russiýa Federasiýasynyň sebitleri – Başgyrdystan, Tatarystan, Kabardina-Balkariýa, Saha-Ýakutiýa goşuldylar. Şeýle hem dabara Moldowanyň Gagauziýa sebiti goşuldy.
Olaryň ählisi bilelikde joşgunly «Küştdepdi» wideofestiwalyny emele getirdiler, onuň barşynda TÜRKSOÝ-yň agza ýurtlarynyň aýdymçylary we tansçylary onlaýn görnüşinde türkmen halk tanslarynyň ýerine ýetirilişiniň wideoroliklerini görkezdiler we ony aýdym bilen utgaşdyrdylar.
Bu köpöwüşginli sazly-etnografiýa marafonyny Türkmenistanyň Döwlet tans topary jemledi.