Ekseter uniwersiteti bilen Londonyň Zoologiýa guramasy bilelikde barlag işini geçirdi. Olar Bengal aýlagyna taşlanan 500 ml-lik plastmassa çüýşe gaplarynyň birnäçesine GPS ýerleşdirdiler. Netijede, geçirilen barlaglardan soň, şol plastmassa çüýşe gaplarynyň biri müňlerçe kilometrlik ýol geçipdir. Ganga derýasyna oklanan bu plastmassa çüýşeleriň biri 2 müň 845 kilometr ýol geçipdir. Ol şol aralygy 94 günde geçipdir. Ekseter uniwersitetinden Dr. Emili Dankan bu barada: “Bu synag bize plastmassa gaplarynyň tiz ýol geçýändigini, ummana ýa-da derýa oklanan plastmassalaryň dünýäniň başga bir künjegine aňsatlyk bilen barýandygyny, şol nukdaýnazardan hem plastmassalaryň, hakykatdan hem dünýämiz üçin uly mesele bolup durýandygyny aňladýar” diýip, gürrüň berdi.