6-njy dekabrda ählihalk baýramçylygynyň – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňýanynda Amyderýa jülgesinde ýene-de bir döwrebap toplumy bolan ýokary hilli keramiki bezeg önümlerini öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Döwletli döwran” hojalyk jemgýetiniň täze kärhanasynyň önümçilik bölümleri bir ýarym gektar meýdany eýeleýär. Zawodyň çägi bolsa, 28 gektara ýaýylyp gidýär.
Täze kärhana kuwwatlylygy hem-de ýokary tehnologiýalylygy babatda keramiki önümleriň dünýä ölçeglerine kybap gelýän görnüşlerini çykarmak babatda Merkezi Aziýa sebitinde iň irileriniň biri bolar. Onuň önümleri içerki we daşarky bazarlara niýetlenendir. Şol önümler ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş desgalarynyň, önümçilik binalarynyň gurluşygynda, jemagat hojalygy ulgamynda giňden ulanylar.
Kärhananyň taslama kuwwaty bir ýylda 192,5 müň tonna önüm ýa-da önümleriň 80 million birligini çykarmaga niýetlenendir. Ähli önümçilik amallary doly awtomatlaşdyryldy.
3 çalşykda inžener-tehniki işgärleriň we işçileriň hem-de hünärmenleriň 200-den gowragy zähmet çekjek täze kärhana iş üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamyna eýedir. Ýyladyşhana hojalygy, tok paýlaýjy kiçi beket, sorujy we gysyjy stansiýalar hem-de beýleki desgalar guruldy. Şolar önümçiligiň üznüksiz işini üpjün etmäge mümkinçilik berer.