Gyş pasly dowam edýär. «Gyşyň güni kyrk tüýsli» diýlişi ýaly, bu pasylda howa dowamly üýtgeýär. Günortan gün çykyp duran bolsa, agşam gar ýa ýagyş ýagyp bilýär. Beýleki pasyllardan tapawutlylykda gyşyna ygalyň has köp görnüşleri ýagýar, howa bilen bagly tebigy hadysalar hem köp bolýar. Ýagynyň dürli görnüşleri bolup, olaryň emele geliş şekili hem-de sebäpleri tapawutlydyr. Ýagynyň käbir görnüşi ýylyň islendik paslynda ýagýan bolsa, käbiri diňe güýz ýa-da gyş paslynda ýagýar. Eýsem, ýagynyň nähili görnüşleri barka?!
Ýer ýüzünde ýagynyň iň köp duş gelýän görnüşi ýagyş hasaplanýar. Ýagşyň hem dürli görnüşi bar. Ýagynyň ähli görnüşiniň çeşmesi bulutlar bolup, olar howa şertlerine görä hem-de atmosferadaky hereketleriň netijesinde emele gelýär. Ýerden ýokary galdygyça howa sowap, bug suwa öwrülýär we belli bir dykyzlyga ýetenden soňra ýere ýagyn bolup düşýär. Demirgazyk ýarym şarda bahar we güýz pasyllarynda ýagyş has köp ýagýar.
Gyş paslynyň gözellikleriniň biri bolan gar çagalaryň gyzykly güýmenjesi. Beýik dag depelerine düşen gar galyň buz gatlaklaryny emele getirýär. Olar hem baharyň gelmegi bilen eräp, çeşmeleri we derýalary emele getirýär. Atmosferada howanyň birden sowamagy netijesinde bugaran suwuklyk damja görnüşinden gara öwrülýär.
Bu pasylda kiçeňräk göjek görnüşli buz bolup ýagýan ýagyna doly diýilýär. Ýagynyň bu görnüşi irbaharda hem ýagýar. Dolynyň ululygy howanyň ýylylygyna hem-de buludyň näçe wagtda emele gelendigine bagly bolýar. Adatça doly 5 – 15 minudyň dowamynda ýagyp gutarýar. Kähalatlarda dolynyň ýagmagy ekinlere zeper ýetirip bilýär.
Ir ertiriň ümürli sowuk howasynda ýeriň, otuň, çöp-çalamlaryň üstüne düşüp, ýukajyk ak örtük emele gelýär. Gar tozgajyklaryna meňzeş bolan ygalyň bu görnüşine gyraw diýilýär. Gyrawyň düşmegi üçin howanyň derejesi 0-dan pes bolmalydyr. Ygalyň bu görnüşi suwuň bugaryp ýokary galan badyna doňmagy netijesinde emele gelýär. Gyraw diňe ot-çöpüň üstüne däl, ýeriň ýüzüne hem düşýär.
Gyş paslynda gar gatyşykly ýagyş ýagýan pursatlary hem gabat gelýär. Bu hadysa ýagyş ýagýan wagty howanyň sowuklygy netijesinde damjalaryň bir böleginiň doňmagy bilen emele gelýär. Doňan ýagyş damjalary gara öwrülensoň, hem gar, hem-de ýagyş bir wagtda ýagýar. Adatça, gyş paslynda duş gelýän bu tebigy hadysa baharyň günleri hem bolup bilýär.
Bu pasylda agşamlaryna otlara düşüp, ertesi irden buldurap duran suw damjalarynyň emele gelýän pursatlaryna hem duşmak mümkin. Ygalyň bu görnüşine çyg diýilýär. Bahar aýlarynda has köp gabat gelýän bu tebigy hadysa nemli howanyň sowuk tekizlige degmegi netijesinde emele gelýär. Ygalyň bu görnüşi ösümlikler üçin peýdaly hasaplanýar.
Gyşyň howasynda agaçlaryň, ösümlikleriň şahajyklarynda emele gelýän gar görnüşli buza burjy diýilýär. Agaçlaryň burjy baglamagy ýapraklary düşen agaçlary hem-de hemişe ýaşyl öwsüp oturýan pürli agaçlary has owadan görke getirýär.
Oguljan Mämedowa,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen
kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäher kitaphana şahamçasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.