Möwsümleýin nähoşluklardan goranmagyň ýollarynyň biri bedeniň immunitetini goramak bilen berk baglanyşyklydyr. Eýsem, bedeniňi berkitmek üçin nähili iýmitlenmeli? Lukmanlar stres, iýmitlenmegiň deňagramlylygynyň bolmazlygy we hereketsiz gündelik durmuş ýaly zatlaryň bedeni gowşadýandygyna ünsi çekýärler. Immuniteti güýçli adamyň bedeni kesellere garşy durnukly bolýar. Lukmanlar bedeni berkitmek üçin diňe wagtly-wagtynda ukyňy almak, iýmitlenmek we hereket etmek bilen çäklenmän, goşmaça iýmitleri iýip-içmegi maslahat berýärler. Ine, olaryň käbiri:
Dermanlyk ösümliklerden demlenen çaýlar
Lukmanlar dürli ösümlikleriň ýapraklaryndan, güllerinden hem-de köklerinden taýýarlanýan çaýlary gyş paslynda içmegi maslahat berýärler. Ösümlik çaýlary bedeniň talap edýän suwuklygyny üpjün etmek bilen bir hatarda dem alyş ýollary üçin hem peýdaly hasaplanýar. Gök çaý bilen bir hatarda türkmen tebigatynyň dermanlyk ösümlikleri bolan çopantelpek, ýandak, narpyz, atgulak, käkilik oty, itburun ýaly ýurdumyzyň derman senagaty kärhanalarynda melhemlik derejesine ýetirilip, ýörite taýýarlanylan melhem çaýlardan yzygiderli içmek saglygyňyzy berkitmäge ýardam eder.
C witamini
Möwsümiň çalyşýan döwründe beden has köp C witaminine zerurlyk duýýar. Lukmanlar güýçli antioksidant hasaplanýan C witamininiň bedeniň goragy üçin ähmiýetlidigini belleýärler. Witaminiň bu görnüşi beýleki witaminleriň we mineral maddalaryň bedende gowy özleşmegini üpjün edýär.
Köp görnüşli iýmitlenmek
Deňiz önümleri, balyk, et, bagyr, bugdaý, kädi çigidi, günebakar çigidi, hoz, badam, ýumurtga, peýnir we süýt ýaly iýmit önümleri sinke baý bolýar. Bedende ýeterlik mukdarda sink mineralynyň bolmagy gysga wagtda sagalmaga hem ýardam edýär.
Gülşat ÝUSUPOWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.