Dünýäniň iň köp awtoulag satýan kompaniýalarynyň biri bolan “Toyota” elektroulaga bolan islegi ýokarlandyrmak maksady bilen “C’pod” atly ultraykjam batareýaly ulagy satuwa çykardy. Häzirki wagtda az sanlysy öndürilen ulagyň 2022-nji ýyldan başlap, müşderiler köpçüligine ýetirilmegi maksat edinilýär. Uzynlygy 2,490 mm, giňligi 1,290 mm, beýikligi 1,550 mm bolan ulagyň iki tigriniň arasy 1,780 mm. Ulag 3,9 metr aralykda aýlanyp bilýär. Şeýlelikde, ulag kiçi ýerlerden hem arkaýyn geçip bilýär. Bir gezekki zarýady bilen 150 km ýol geçýän elektrokar 2 orunlyk bolup, litiý-ion batareýasy 5 sagatda dolýar. Şeýle hem ulagyň batareýasyny energiýa çeşmesi hökmünde ulanyp bolýar. Iň ýokary tizligi 60 km/sagat bolan ulagyň agramy bary-ýogy 670 kg.