Fransiýanyň PSŽ topary täze tälimçisini resmi ýagdaýda mälim etdi. Argentinaly meşhur hünärmen Maurisio Poçettino toparyň täze tälimçisi boldy. Bu barada ozal metbugatda dürli habarlar çykypdy. 48 ýaşly tälimçi parižliler bilen 2 ýyllyk, ýagny 2022-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. PSŽ onuň tälimçiliginde ilkinji duşuşygyny 6-njy ýanwarda “Sent-Etieniň” garşysyna geçirer.

Poçettino 2019-njy ýylyň noýabr aýyndan bäri hiç bir topara tälim berenokdy. Tälimçilik karýerasyna 2009-njy ýylda “Espanýolda” başlan Poçettino 2012-nji ýyla çenli bu toparda işledi. 2013-2014-nji ýyllarda “Southemptona”, ondan bäri-de 2019-njy ýyla çenli “Tottenham” toparyna tälim berdi.

Ol futbolçylyk ýyllarynda “Newell’s Old Boýz” (1989–1994), “Espanýol”(1994–2001, 2004–2006), PSŽ (2001–2003), “Bordo” (2003–2004) toparlarynda oýnady. Şeýlelikde, PSŽ bilen 2001-nji ýylda futbolçy mahaly şertnama baglaşan Poçettino 20 ýyldan soň ýene-de şol kluba tälimçi bolup dolandy.