Yşyk­la­ry ýa­kyl­dy. Ita­li­ýa­nyň Gub­bio et­ra­byn­da her ýyl dün­ýä­dä­ki iň uly Tä­ze ýyl ar­ça­sy­nyň yşyk­la­ry­ny ýak­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­ýär. Bo­ýy 750 metr we ini 450 metr bo­lan ar­ça aga­jy 700-den gow­rak ne­on yşy­gyn­dan dö­re­di­lip, In­ji­no da­gy­nyň gü­nor­ta eň­ňi­din­de gu­ra­lýar. Şeý­le ter­tip­de Tä­ze ýyl we Rož­dest­wo Ita­li­ýa­nyň Gub­bio e­tra­byn­da 40 ýyl bä­ri bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Her ýyl müň­ler­çe sy­ýa­hat­çy Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len da­ba­ra­ny gör­mek üçin In­ji­no da­gy­nyň ete­gi­ne gel­ýär­ler. Ýö­ne bu ýyl yşyk­lan­dy­ryş da­ba­ra­sy on­laýn ter­tip­de ge­çi­ril­di.

Maý­ýa San­du we­zi­pe­si­ne gi­riş­di. Mol­do­wa Res­pub­li­ka­sy­nyň tä­ze saý­la­nan Pre­zi­den­ti Maý­ýa San­du ka­sam ka­bul edip, Pre­zi­dent we­zi­pe­si­ne gi­riş­di. Ki­şin­ýew­de gu­ra­lan sy­ýa­sy çä­rä Par­la­men­tiň de­pu­tat­la­ry, Kons­ti­tu­si­ýa ka­zy­ýe­ti­niň ag­za­la­ry we da­şa­ry ýurt dip­lo­mat­la­ry gat­naş­dy­lar. Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly Maý­ýa San­du 15-nji no­ýabr­da Mol­do­wa Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da 57,75 gö­te­rim ses alyp, ýe­ňiş ga­zan­dy. Onuň bäs­de­şi ozal­ky Pre­zi­dent Igor Do­don bol­sa ses­le­riň 42,26 gö­te­ri­mi­ne eýe bol­dy.

Tä­ze­le­nen dü­zü­mi tas­syk­lan­dy. Gru­zi­ýa­nyň Par­la­men­ti Prem­ýer-mi­nistr Ge­or­giý Ga­ha­ri­ýa­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky hö­kü­me­tiň tä­ze­le­nen dü­zü­mi­ni tas­syk­la­dy. Ses be­riş­lik ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­nyň in­ter­net sa­hy­pa­syn­da gö­ni ýaý­lym­da gör­ke­zil­di. Tä­ze Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti dü­zül­mez­den ozal, Prem­ýer-mi­nistr Ge­or­giý Ga­ha­ri­ýa­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky mi­nistr­le­riň äh­li­si­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji de­re­je­si bar­dy. Şeý­le-de, ada­lat mi­nistr­li­gi­niň ýol­baş­çy­syn­dan baş­ga äh­li mi­nistr­le­riň öz we­zi­pe­le­rin­de ga­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di.

Kanun tas­la­ma­sy­na gol çek­di. ABŞ-nyň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp 2021-nji ýy­lyň býu­je­ti­ne gol çek­di. Bu ka­nun tas­la­ma­sy dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ra jo­gap hök­mün­de 900 mil­liard dol­lar­lyk yk­dy­sa­dy kö­mek buk­ja­sy­ny öz içi­ne al­ýar. Yk­dy­sa­dy kö­mek buk­ja­sy hö­kü­me­tiň 2021-nji ýy­lyň sent­ýab­ry­na çen­li işi­ni üp­jün ed­ýän 1,4 tril­li­on dol­lar býu­je­ti­ne gir­ýär. Tas­la­ma gol çe­ken Tramp goş­ma­ça yk­dy­sa­dy kö­mek ba­ra­da gep­le­şik­le­ri do­wam et­dir­mek ba­ra­da yla­la­şyk ga­zan­dy.

Bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­lar hö­dür­le­ner. Rus­si­ýa bi­len Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça mart aýy­nyň ahyr­yn­da gu­ra­jak mas­la­ha­tyn­da köp san­ly bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň hö­dür­len­jek­di­gi ha­bar be­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Rus­si­ýa­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň 2,5 mil­liard dol­lar­lyk ma­ýa go­ýum­la­ry ar­ka­ly tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we eme­li aňy ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly 30-dan gow­rak tas­la­ma­sy dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da, 74 sa­ny bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­jek­di­gi ha­bar be­ril­ýär.

Býu­jet me­ýil­na­ma­sy tas­syk­lan­dy. Ýew­ro­pa Par­la­men­ti 2021-2027-nji ýyl­lar üçin 1,074 tril­li­on ýew­ro ba­ra­bar bo­lan ýe­di ýyl­lyk býu­jet me­ýil­na­ma­sy­ny tas­syk­la­dy. De­giş­li ka­rar Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň mej­li­sin­de ka­bul edil­di. 2021-2027-nji ýyl­lar­da­ky bu muk­da­ryň üs­tü­ni dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar­dan soň yk­dy­sa­dy­ýet­i gol­da­mak mak­sa­dy bi­len bi­le­le­şi­giň döw­let­le­ri­niň ara­syn­da paý­lan­jak Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň di­kel­diş gaz­na­syn­dan ýe­ne-de 750 mil­liard ýew­ro dol­du­rar.

Saý­law­lar ge­çi­ril­di. 27-nji de­kabr­da Mer­ke­zi Af­ri­ka Res­pub­li­ka­syn­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry ge­çi­ril­di. Saý­law­la­ryň ne­ti­je­le­ri­niň 4-nji ýan­wa­ra çen­li yg­lan edil­jek­di­gi ha­bar be­ril­ýär. Saý­law­la­ra 17 da­laş­gär gat­naş­dy. Ola­ryň ara­syn­da ikin­ji ge­zek sy­na­nyş­ýan hä­zir­ki döw­let baş­tu­ta­ny Fos­ten-Ar­kanž Tua­de­ra bar. Ka­nu­na gö­rä, Prezident saý­law­la­ry­na gat­na­şan da­laş­gär­le­riň hiç bi­ri­si 50 gö­te­rim­den gow­rak ses alyp bil­me­se, saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ry 14-nji few­ral­da ge­çi­ri­ler. MAR-yň Prezidentiniň yg­ty­ýar­lyk möh­le­ti bäş ýyl.