In­že­ner­ler haý­sy­dyr bir tä­ze za­dy iş­läp taý­ýar­lan­la­ryn­da köp­lenç te­bi­gat­dan nus­ga al­ýar­lar. Bu­la­ra uçar­la­ry, di­ku­çar­la­ry, gä­mi­le­ri we beý­le­ki ulag se­riş­de­le­ri­ni my­sal ge­ti­rip bo­lar. Eý­sem, hä­zir­ki wagt­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mek­de peý­da­la­nyl­ýan ýel tur­bi­na­la­ry­nyň per­le­ri­ni has hem iş­jeň­leş­dir­mek üçin kit­le­riň be­den ag­za­la­ryn­dan yl­ham al­nan­dy­gy­ny aýt­sa­lar yna­nar­dy­ňyz­my? Bu ha­ky­kat­dan hem şeý­le.
Um­man­la­ryň çuň­luk­la­ryn­da ýa­şa­ýan kit­ler örän ök­de ýü­zü­ji ha­sap­lan­ýar­lar. Ola­ryň göw­re­si her­nä­çe uly hem bol­sa, ça­la­syn he­re­ket­le­ri bi­len gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Bu suw jan­dar­la­ry­nyň bat­ly ýüz­me­gi­ne, esa­san, ola­ryň ýüz­güç­le­ri kö­mek ed­ýär. Se­bä­bi ola­ryň ýüz­güç­le­ri­niň bir ta­ra­py tol­kun şe­kil­li bol­ýar. Bu şe­kil­ler ýüz­güç he­re­ket ed­ýän wag­ty su­wuň için­de ho­wa aky­my­ny eme­le ge­tir­ýär. Şeý­le­lik­de su­wuň ýo­ka­ry gö­te­ri­ji güý­ji has hem kö­pel­ýär. Bu bol­sa kit­le­riň has ça­la­syn ýüz­mek­le­ri­ne we az ener­gi­ýa sarp et­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. ABŞ-ly hü­när­men­ler kit­le­riň ýüz­güç­le­ri­ne meň­zeş tur­bi­na ga­nat­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­dy­lar. Bu bol­sa ýe­liň güý­jü­niň pes wag­ty hem has köp tok ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.