25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän Söwda we dynç alyş merkezli desgalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.
Döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde gurulýan sebitde iri Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu ýerde milli Liderimiziň garamagyna merkezde gurulýan binalaryň aýratynlyklaryna, olaryň içki we daşky bezeg işlerine, ulanylýan gurluşyk serişdelerine degişli taslamalar görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz täze toplumda iri söwda merkezleriniň işini guramagyň öňdebaryjy çözgütleriniň hem-de döwrebap bezeg pikirleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi we toplumyň içki bezeginde gündogar nagyşlarynyň görnüşleriniň ulanylmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu toplumyň ady bilen baglanyşykly degişli nyşany taýýarlamak, onuň gözellik, ykjamlylyk we amatlylyk ýaly ugurlary özünde jemlemegi bilen baglanyşykly meseleleri göz öňünde tutmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Ak mermerli paýtagtymyz özüniň binagärlik aýratynlygy, sazlaşykly ösüşi bilen haýran galdyrýar. Dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda ornuny barha pugtalandyrýan Aşgabat täsin binagärlik çözgütlere eýe bolan özboluşly desgalary bilen birnäçe gezek Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşany bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Aşgabadyň dürli döwürlerde döredijilik işgärleriniň, aýdymçylaryň we kompozitorlaryň täze eserleri döretmäge ruhlandyrandygyny, şeýlelikde, paýtagtymyz hakyndaky birnäçe çeper eserleriň, aýdymlaryň döredilendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz şu ýagdaýlardan ugur alyp, şäheriň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we birnäçe durmuş maksatly desgalary özünde jemleýän bu toplumyň “Aşgabat” diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi, munuň paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna mynasyp sowgat boljakdygyny aýdyp şäher häkimine degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýändigini, onuň giňden baýram ediljekdigini belläp, bu şanly sene mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşiginiň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz Aşgabat hakynda dörediljek aýdymlar paýtagtymyzyň gözel keşbini suratlandyrýan şekiller bilen utgaşdyrylmalydygyny, bäsleşigiň ýeňijileriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde yglan edip, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan sylaglanmalydygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.