Ça­ga­la­ryň fi­zi­ki we ru­hy taý­dan kä­mil bol­mak­la­ryn­da oý­na­waç­la­ryň tä­si­ri diý­seň ulu­dyr. Ýaş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na gö­rä ça­ga­la­ryň oý­na­waç­la­ra bo­lan gy­zyk­lan­ma­sy hem üýt­ge­ýär. Dün­ýä bel­li oý­na­waç­la­ryň ha­ta­ryn­da le­go­lar bi­len bir ha­tar­da, «Bar­bie» gur­jak­la­ry hem bar. Hä­li-şin­di is­leg bil­di­ril­ýän oý­na­waç­la­ryň ha­ta­ryn­da ça­ga­la­ryň gö­wün is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dy­ryp, mo­da­dan gal­ma­ýan «Le­go», «Mat­tel» we «Hasb­ro» ýa­ly kom­pa­ni­ýa­la­ryň og­lan we gyz ça­ga­la­r üçin ýö­ri­te ön­dür­ýän oýun­jak­la­ry dün­ýä ba­za­ryn­da uly orun eýe­le­ýär. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, kom­pa­ni­ýa hä­zir­ki wagt­da oý­na­waç sa­tu­wyn­da dün­ýä­de ikin­ji ýer­de dur­ýar. «Bar­bie» gur­jak­la­ry­nyň saý­la­ma gör­nüş­le­ri­ köp muk­dar­da bo­lup, ça­ga­la­ryň is­leg­le­ri­ne gö­rä oýun­jak­la­ry bar. 62 ýyl ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, hä­zir hem «Bar­bie» gur­jak­la­ry­nyň müň­ler­çe­si ön­dü­ril­ýär. Dö­wür bi­len aýak­daş gi­dip ça­ga­la­ryň ýaş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na gö­rä ön­dü­ril­ýän «Bar­bie» gur­jak­la­ry­nyň «baş­dan ge­çir­me­le­ri» ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry si­ze hö­dür­le­ýä­ris.

1959-njy ýy­lyň 9-njy mar­tyn­da «dog­lan» «Bar­bie»-niň bi­rin­ji ön­dü­ren gur­ja­gy­nyň bo­ýy 28 san­ti­met­re ba­ra­bar bo­lup, sa­ry saç­ly mo­del gur­ja­jyk ABŞ-nyň Nýu-Ýork şä­he­rin­de sa­tu­wa çy­ka­ryl­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, gur­jak­lar bir­nä­çe asyr­dan bä­ri ça­ga­la­ryň iň ha­la­ýan oý­na­waç­la­ry­nyň bi­ri­dir. Em­ma «Bar­bie»-niň ozal­ky gur­jak­lar­dan ta­pa­wu­dy, onuň «ulu­gyz» bol­ma­gy­dyr. Ýag­ny, bu gur­jak ha­ky­ky ze­nan be­de­ni­niň ki­çel­di­len gör­nü­şi hök­mün­de ön­dü­ril­ýär. Şol se­bäp­li bu oý­na­wa­ja is­leg ga­ra­şy­lan­dan ýo­ka­ry bol­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, dün­ýä­niň beý­le­ki ön­dü­ri­ji­le­ri hem öz gur­jak­la­ry­ny «Bar­bie»-le­re meň­ze­dip baş­la­ýar­lar. Il­kin­ji «Bar­bie»-ler 3 ame­ri­kan dol­la­ryn­dan sa­tyl­ýar. «Mat­tel» kom­pa­ni­ýa­sy şeý­le amat­ly ba­ha­dan sa­tu­wa çy­ka­ry­lan il­kin­ji ýy­lyn­da 350 müň­den gow­rak gur­ja­gy sat­ýar. Kom­pa­ni­ýa­da «Bar­bie»-ler di­zaý­ny­ny dö­wür bi­len ut­gaş­dy­ryp, onuň egin-eşi­gi­ni, «kä­ri­ni», «ed­ýän iş­le­ri­ni» üýt­ged­ýär. Mu­nuň üçin ýö­ri­te hü­när­men­ler bo­lup, olar gur­ja­gyň eşik­le­ri­ni we sa­çy­ny di­zaýn ed­ýär.
Rut Hand­le­riň gy­zy Bar­bi­niň ha­ky­ky ady Bar­ba­ra Mil­li­sent Ro­berts bo­lup, bu ady oňa Rut Hand­le­riň gy­zy Ba­rba­ra ber­ýär.
Il­kin­ji Bar­bi­le­riň bo­ýy 30 san­ti­metr bo­lup­dyr, aýak öl­çe­gi bol­sa adam aýak­la­ry­nyň 34-lik öl­çe­gi­ne de­ňe­çer diý­lip ha­sap edi­lip­dir.
Ön­dü­ri­len gü­nün­den bä­ri 62 ýy­lyň do­wa­myn­da «Bar­bie» oýun­jak­la­ry ça­ga­la­ryň is­le­gi­ne gö­rä dür­li gör­nüş­ler­de, ýag­ny, mu­gal­lym, mo­del, po­li­si­ýa iş­gä­ri, şe­pa­gat uýa­sy, aý­dym­çy, ti­kin­çi, aş­pez we baş­ga-da bir­nä­çe hü­när­ler bi­len bag­lan­yşyk­ly kär­le­riň keşp­le­ri­ni jan­lan­dy­ryp gel­ýär­ler.
Or­ta­ça her 3 se­kunt­da bir «Bar­bie» gur­ja­gy dün­ýä­niň 150 döw­le­tin­de sa­tyl­ýar.
1957-1967-nji ýyl­lar­da bug­daý­reňk, ga­ra­ýa­gyz reňk­li bar­bi­ler ön­dü­ril­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da sa­ry saç­ly, uzyn saç­ly we buý­ra saç­ly gur­jak­lar hem sa­tu­wa çy­ka­ryl­ýar.
Bel­li bir dö­wür in­çe we uly gu­lak­hal­ka­ly, äý­nek­li bar­bi­ler hem ön­dü­ril­ýär. Em­ma mu­ňa ga­ra­maz­dan gyz­ja­gaz­lar he­mi­şe ýö­ne­keý eşik­li, kir­pik­le­ri eg­ri gur­jak­la­ra has köp is­leg bil­dir­di­ler.
«Mat­tel» kom­pa­ni­ýa­sy dür­li dö­wür­ler­de ýö­ri­te di­zaýn edi­len az san­ly «Bar­bie»-le­ri ön­dür­mek üçin dün­ýä­niň meş­hur mo­da­lar öý­le­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk et­di. Bu gur­jak­lar kol­lek­si­ýa­la­ryň iň naý­ba­şy oý­na­waç­la­ry bol­du­lar.