Her bir halkyň ata-babalaryndan gelýän ýörelgesini dowam etdirip, onuň mizemezligini gazanyp bilmegi, şol halkyň asyllylygyndan nyşandyr. Geçmiş mirasymyzy sarpalap, halkymyzy aýdyň ertirlere sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri biziň asylly ýörelgelerimiz bilen ýurt geljegi bolan ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemekde öçmejek mirasdyr, geljek nesil hakyndaky aladasy bolsa nusgalyk ýörelgedir. Kitabyň ähli bölümleri hem türkmen halkyna mahsus ajaýyp ýörelgeleri açyp görkezýär. Olar dilden-dile geçen taryhy wakalara esaslanyp, halkyň durmuş tejribesini şol mysallar arkaly subut edýär.
Il içinde ýa-da her bir maşgalada dowam edýän ýörelgeleriň öz gözbaşyny türkmeniň döwletlilik ýörelgelerinden alyp gaýdýandygyny bu kitaby okadygyňça göz ýetirýärsiň. Baş saglygy, maşgala abatlygy bolan ýagdaýynda geljegiň üstünliklerine tarap ädim ätmekde uly mümkinçiliklere ýol açylýandygy hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Saglyk-abatlyk» bölüminde çuňňur beýan edilýär. Tebigatymyzyň dermanlyk ösümlikleriniň adamyň diňe bir beden saglygyna däl, eýsem, ruhy taýdan hem ýokary göterilmegindäki peýdasy uludyr. Çarwaçylyk we çomurçylyk ýörelgeleri, tebigy önümlerden taýýarlanan türkmen saçagynyň nygmatlary ol ýa-da beýleki däp-dessurlarymyz bilen baglanyşykly bolsa-da, onuň adam saglygyna uly täsiriniň barlygy ylmy hakykata öwrülýär. Kesewiňi dürtseň gögerjek bu ajaýyp topragymyzyň bereket çeşmesidigi, müň bir derdi dep edýän «tebigy dermanhanasynyň» egsilmezdigi gadymy döwürlerden başlap tebigaty öwreniji alymlaryň ünsüni özüne çekipdir. Melhemler mekany diýip atlandyrmaga esasly bu topragymyzda lukmançylyk ylmynyň kerwenbaşysy Lukman Hekim ýetişipdir. Şonuň üçin türkmençilikde her bir saglyk ýörelgeleri berjaý edilende «meniň elim däl, Lukman Hekimiň eli» diýilýär. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitapda hem, Lukman Hekimiň tebipçilik ýoly barada gyzykly rowaýatlar getirilipdir. Sagdyn ýaşamak babatda mysal getirilýän şol rowaýatlar we tymsallar bize sagdyn durmuş ýörelgelerini amala aşyrmaga iterýär. Şol ýörelgeler bolsa berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sportda jemlenýär. Kitapda getirilýän «Sport – saglyk, rowaçlyk» şygary Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk mekdep bolup amal edýän, döwletimiziň baş syýasatynyň biri bolan sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ertiriniň rowaçlykdygyny tassyklaýar. Munuň şeýle boljakdygyna taryhy hakykat güwä geçýär.
Gunça Çaryýewa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki
we ulag kommunikasiýalary
institutynyň mugallymy.