Ulanyjy sany 10 müňe ýetdi

99

“SpaceX” kompaniýasynyň “Starlink” taslamasynyň çäklerinde hödürlenýän internetiň ulanyjylarynyň sanynyň 10 müňden geçendigi mälim edildi. Emeli hemralar arkaly hödürlenýän internet geçen ýyl synag möhleti bilen müşderilere ýetirilip başlanypdy. 2027-nji ýylda dolulygyna tamamlanjak taslamanyň çäklerinde, esasan hem, oba ýerlerini internet bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem kosmos pudagynda iş alyp barýan “SpaceX” kompaniýasy “Starlink”-iň amerikan häkimiýetinden 2021-nji ýylyň 7-nji iýunyna çenli telekommunikasiýa kompaniýasy hökmünde kabul edilmegini soraýar. Şeýlelikde, amerikan häkimiýetinden oba ýerlerini internet bilen üpjün etmek üçin 885 million dollar alyp biler.