Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek, ata Watanymyzyň tebigatyna aýawly çemeleşmek, biodürlüligi gazanmak işi üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzda millionlarça düýp bag nahallaryny ekmek işi yzygiderli ýagdaýda ýola goýuldy. Dürli görnüşli nahallary oturtmak bilen, miweli we saýaly agaçlary köpeltmek, olara ideg etmek ýaly asylly ýörelgeler halkymyz tarapyndan agzybirlik bilen amala aşyrylýar.
Bereketli türkmen topragynda oturdylýan her bir nahal tebigatymyzyň has-da abadanlaşmagyna ýardam edýär. Bag ekmek halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň we döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.
Bilşimiz ýaly, şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlaýarys. Milli Garaşsyzlygymyzyň bu şanly senesi mynasybetli ýurdumyzda 30 million düýp nahalyň oturdylmagy meýilleşdirilýär. Bu barada taryhy Karara hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi. Şol Karara laýyklykda, Aşgabadyň töwereginde 10 million bag nahallary, ýurdumyzyň welaýatlarynda 20 million düýp nahalyň oturdylmagy göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda 3 ýyllyk bag nahallary bilen yzygiderli üpjün edýär.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda 25 million düýp bag nahallary ekilipdi.
Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça asylly işlere jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň işjeň goşulmagy, obadyr şäherçelerimizde, şäherlerimizde, giň ýaýlalarymyzda dürli görnüşli baglaryň oturdylmagy, olara göwnejaý ideg edilmegi, şeýle-de täze ýaşyl zolaklaryň döredilmegine hemmeleriň mynasyp goşant goşmagy il agzybirliginden, ýurt asudalygyndan, döwlet berkararlygyndan alamatdyr.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap aldy. Ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmak doly güýjünde amala aşyrylýar, şunda öňdebaryjy ylmy gazanylanlar, innowasiýalar giňden ulanylýar. Muny ýurdumyzyň oba hojalygynda we ekologiýa ulgamynda alnyp barylýan işlerden hem görmek bolýar. Ekilýän baglaryň döwrebap derejede ideg edilmegi, olaryň häzirki zaman tehnologiýasy esasynda gurnalan suwaryş ulgamy bilen üpjün edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Adam eli bilen döredilen ýaş tokaýlar, baglar, seýilgähler eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde, hatda alys künjeklerinde hem ýaýylyp ýatyr. Milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli ählihalk bag ekmek dabarasy howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmegiň umumydünýä işine uly goşantdyr. Her bir şäheriň we obanyň töwereginde kemala gelýän tokaý zolaklary amatly howa ýagdaýyny döredýär. Baglaryň we seýilgähleriň düýbüni tutmak boýunça geçirilýän dabaralar eziz Watanymyzyň görküni has-da artdyrmaga gönükdirilendir.
Soňky ýyllarda milli Liderimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzda ulanylmaga berilýän iri önümçilik hem-de durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde bag nahallaryny oturtmak asylly däbe öwrüldi. Milli Liderimiz gurulýan binalaryň hem-de önümçilik desgalarynyň gurulýan sebitiniň ekologiýa ulgamy bilen sazlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berip, her bir taslamada ekologiýa ulgamynyň häzirki zaman talaplarynyň berjaý edilmegine ähli şertleriň döredilmegi üçin taýsyz tagallalar edýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça döredilýän täze ýaşyl zolaklar sahawatly türkmen topragynyň gözelligini has-da gözelleşdirýär. Halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda uly tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Altyn USSAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.