ABŞ-nyň Garward uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren barlagynda her günde 35 minut maşk etmegiň göwnüçökgünlikden halas edýändigi ýüze çykaryldy. «Depression and Anxiety» atly žurnalda çap edilen ylmy işde yzygiderli maşk edýän adamlarda göwnüçökgünligiň gabat gelmek ähtimallylygynyň örän seýrekdigi bellenilýär. Ylmy-barlagyň esasy awtory Karmel Çoi «fiziki taýdan işjeň bolmak dürli keselleriň öňüni alýar» diýip belleýär. Makalada ylgamagyň ýa-da ýönekeý maşklar bilen meşgullanmagyň hem adamyň fiziki we ruhy saglygyna oňyn täsir edýändigi bellenilýär. Ylmy işiň 8 müň adamyň arasynda geçirilendigi mälim edildi. Bilermenleriň bellemeklerine görä, bu ylmy iş öý şertlerinde ýerine ýetirilen maşkyň adam saglygy üçin ähmiýetlidigini ýüze çykardy.
Berdimuhammet Baýmuhammedow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.