Halkara zenanlar gününde ejeleriňize, uýalaryňyza sowgat be­rip, be­gen­dir­mek is­le­ýä­ňizmi? Megerem, öz eliňiz bilen taýýarlan sowgadyňyz ola­ry has hem be­gen­di­rer. Geliň, onda kagyzdan gül­ja­gaz ýasamagy öwreneliň!

Gerekli zatlar: dürli reňkli kagyzlar, gaýçy, ýelim, galam.
Ilki bilen dört ta­ra­py deň ka­gyz alyň! Ony çap­raz­la­ýyn deň ikä ep­läň! Eme­le ge­len üç­burç­lu­gy edil şolar ýaly tertipde ýe­ne iki ge­zek ep­läň! Soň­ra iki bur­çy deň, beý­le­ki bur­çy has giň üç­burç­luk eme­le ge­ler. Bu üç­burç­lu­gyň giň bur­çu­ny or­ta­sy­na ta­rap ep­läň! Ýo­kar­da ga­lan ar­tyk­maç ýe­ri­ni ke­sip aý­ryň! Soň­ra ka­gy­zyň bir gap­da­ly­ny şe­kil­de gör­ke­zi­li­şi ýa­ly, ýa­rym aý­law gör­nü­şin­de ke­siň! Ka­gy­zyň epin­le­ri­ni aça­ny­ňyz­da, ço­pan­tel­pek şe­kil­li gül­ja­gaz eme­le ge­ler. Bu gül­ja­ga­zyň or­ta­sy­ny sa­ry, gy­zyl ýa-da öz is­län reň­ki­ňi­ze reňk­läp bi­ler­si­ňiz. Is­le­se­ňiz, dür­li reňk­li ka­gyz­la­ry te­ge­lek edip ke­sip, or­ta­sy­na ýe­lim­läp hem bi­ler­si­ňiz! Taý­ýar bo­lan gü­li ka­gy­zy düýr­le­mek ar­ka­ly ýa­sa­lan bal­da­jy­ga ber­ki­dip ýa-da baş­ga bir ka­gy­zyň ýü­zü­ne ýe­lim­läp bi­ler­si­ňiz. Dür­li reňk­li ka­gyz­lar­dan bir­nä­çe gül ýa­sap, ola­ry ka­gy­zyň ýü­zün­de ýel­me­se­ňiz, gül des­se­si eme­le ge­ler.
Taý­ýar bo­lan güli gowşuranyňyzda baýramçylyk bilen gutlamagy unutmaň!