Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mö­hüm pu­da­gy bo­lan oba ho­ja­ly­gy­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi ýurdumyzda alnyp bar­ylýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ul­gam­da ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­le­riň hem-de ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­ge hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw be­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň öze­ni bo­lan azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy.
Gahryman Arkadagymyzyň dö­re­dip ber­ýän giň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de, türk­men oba­la­ry­nyň keş­bi gün­sa­ýyn öz­ge­rip, zäh­met­sö­ýer daý­han­la­ry­myz ýy­lyň-ýy­ly­na gal­la­nyň, pag­ta­nyň we beý­le­ki ekin­le­riň, mi­we­le­riň, gök-bak­ja önüm­le­ri­niň bol ha­sy­ly­ny ön­dü­rip, ýur­du­my­zyň azyk ga­raş­syz­ly­gy­nyň pug­ta­lan­ma­gy­na my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar.
2020-nji ýyl­da hu­su­sy ul­ga­myň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan bak­ja ekin­le­ri­niň, gök önüm­le­riň, dä­ne­li hem-de kö­sük­li ekin­le­riň ýokary hasyly alyndy.
Türk­men te­le­ke­çi­le­ri tä­ze su­wa­rym­ly ýer­le­ri öz­leş­dir­me­giň, şol ýer­ler­de oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň goş­ma­ça eki­şi­ni gu­ra­ma­gyň, mi­we­li agaç­la­ryň we üzüm­le­riň na­hal­la­ry­ny ek­me­giň, ýy­la­dyş­ha­na ho­ja­lyk­la­ry­nyň meý­da­ny­ny gi­ňelt­me­giň ha­sa­by­na azyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän muk­da­ry­ny art­dyr­ma­gyň üs­tün­de iş­le­ýär­ler. Bu bol­sa içer­ki ba­za­ry azyk bol­çu­ly­gy bi­len üp­jün et­mä­ge hem-de önüm­le­riň eks­por­ta ug­ra­dy­ly­şy­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Hu­su­sy oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­ler ekin­le­re ideg et­me­giň ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­la­ry­ny we tä­ze­çil usul­la­ry peý­da­lan­mak bi­len, üs­ti ýa­pyk top­rak­da po­mi­dor­la­ry ýy­lyň bü­tin do­wa­myn­da ös­dü­rip ýe­tiş­di­rip baş­la­dy­lar. Ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­le­ri umu­my meý­da­ny 356 gek­tar­dan gow­rak ýy­la­dyş­ha­na ho­ja­lyk­la­ry­nyň 100-den gow­ra­gy­ny gur­du­lar.
Mil­li Li­de­ri­miz, aý­ra­tyn-da, oba ho­ja­lyk top­lu­myn­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň muk­da­ry­ny art­dyr­ma­gyň, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň hu­su­sy ul­ga­my­na gol­daw be­ril­me­gi­ni, şol san­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­ge ma­li­ýe hem-de mad­dy-teh­ni­ki kö­me­giň be­ril­me­gi­ni güýç­len­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp geç­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ky­my­zy ýy­lyň äh­li pas­lyn­da eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, ýo­kum­ly ter gök önüm­ler bi­len üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, döw­re­bap til­si­mat­lar ar­ka­ly ag­ro­se­na­gat top­lu­my­nyň kä­mil dü­zü­mi­ni eme­le ge­tir­mek, tarp ýer­le­ri öz­leş­dir­mek, şeý­le-de oba ýer­le­rin­de iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek ba­bat­da­ky ta­gal­la­la­ryn­dan ugur al­nyp gur­lan we bu gün üs­tün­lik­li iş­le­ri alyp bar­ýan döw­re­bap ýy­la­dyş­ha­na top­lu­myn­da dür­li gök önüm­le­ri ýe­tiş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik bar.
Oba ho­ja­lyk işe­wür­li­gin­de sit­rus önüm­le­ri­niň we ba­nan­la­ryň ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­me­gi giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken res­mi­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, bu ekin­ler üçin ni­ýet­le­ni­len tä­ze ýy­la­dyş­ha­na­la­ry gur­ma­ga 190 gek­tar ýer bö­lü­nip be­ril­di.
Ýa­kyn ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan­da ýy­la­dyş­ha­na ho­ja­lyk­la­ry­nyň meý­da­ny bir­nä­çe es­se ar­tar. Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, oba ho­ja­ly­gy­na de­giş­li et­rap­lar­da umu­my meý­da­ny 1375 gek­tar bo­lan ýy­la­dyş­ha­na­la­ryň 150-den gow­ra­gy gu­rul­ýar.
Şeý­le­lik­de, ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat top­lu­my Di­ýa­ry­my­zyň ba­zar­la­ry­ny azyk bol­çu­ly­gy, oba ila­ty­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň gy­şar­nyk­syz ösü­şi­ni üp­jün edip, hil taý­dan tä­ze sep­git­le­re çyk­ýar. Mu­nuň özi hormatly Prezidentimiziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň aý­dyň ne­ti­je­si­dir.

Bi­bi­je­mal KA­KA­BA­ÝE­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba
ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.