Gö­wün ýü­pek­dir, berk çi­gil­se, çö­zül­mez.
Ýü­pek – ýü­pek gur­çu­gy­nyň pi­le­sin­den
alyn­ýan in­çe sü­ýüm­li sa­pa­gyň bir gör­nü­şi.
Çi­gil­mek – dü­wün bol­mak, çi­gin bol­mak.

Dok­ma işin­de ýü­pek çi­gin bo­lan ma­ha­ly çö­zül­me­si kyn bol­ýar, köp­lenç, çö­zül­me­ýär. Na­kyl­da hem ada­myň göw­ni ýü­pe­ge meň­ze­dil­ýär. Gö­wün ýyk­maz­lyk bu na­kyl­dan baş­ga-da ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan ede­bi eser­le­riň ag­la­ba­syn­da ün­del­ýär. Ýe­ke söz yn­san kal­byn­da hiç bit­me­jek ýa­ra gal­dy­ryp bi­ler. Ýa­ra­la­nan – çig­len gö­wün hem çö­zül­mez. Şo­nuň üçin söz söz­lä­niň­de, her bir he­re­ke­tiň­de oý­la­ny­şyk­ly bol­ma­ly!

Halk ara­syn­da gö­wün bi­len bag­ly
baş­ga-da bir­nä­çe pä­him­ler bar:

Gö­wün ýyk­mak – Kä­be ýyk­mak.
Gö­wün şat­ly­gy – ömür zy­ýat­ly­gy.
Ki­şi­ni kem­si­den özi nä­kes­dir.
(Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy)