Dost ba­şa, duş­man aýa­ga ba­kar.
Bu na­kyl ata-ba­ba­la­ry­my­zyň gö­rüm-gö­rel­de, edep-ter­bi­ýe, edim-gy­lym ýö­rel­ge­le­rin­den ugur al­ýar.
Dos­tuň ba­şa bak­ma­gy­nyň se­bä­bi, bi­rin­ji­den, ada­myň hal-ýag­da­ýy, ru­hy dün­ýä­si onuň ýü­zün­den aň­la­nyl­ýar. Dost üçin esa­sy zat – se­niň sag­ly­gyň, hal-ýag­da­ýyň. Ikin­ji­den, ada­myň maş­ga­la abat­ly­gy hem onuň ba­şyn­dan aň­la­nyl­ýar. Dost kyn gü­nüň ça­gyr­man­kaň, go­wy gü­nüň ça­gy­ran­soň ge­ler. Şo­nuň üçin ba­şyn­da şeý­le kyn ýag­da­ýy bo­lan ada­my dost ýe­ke gal­dyr­ma­ýar. Ga­ly­ber­se-de, dos­tuň ba­şa bak­ma­gy dur­muş bi­len bag­ly, ba­şyň gow­ga­ly bol­ma­gy dos­tuň hem ala­da­sy, ba­şyň ra­hat, dün­ýäň abat bol­ma­gy dos­tuň hem şat­ly­gy. Şo­nuň üçin dost ba­şa ba­kar.
Duş­man aýa­ga ba­kar. Bu ýer­de duş­ma­nam, aýa­gam öz asyl ma­ny­syn­da däl. Duş­man – tö­we­re­giň­de ýa­lan­dan dost­sy­rap gez­ýän adam. Aýak – göç­me ma­ny­da ada­myň mad­dy taý­dan hal-ýag­da­ýy­ny aň­lad­ýar. As­lyn­da şeý­le bir dü­şün­je bar, ada­myň mad­dy ýag­da­ýy­ny, nä­de­re­je­de özü­ne ese­wan ed­ýän­di­gi­ni il­ki bi­len onuň aýa­gy, ýag­ny köw­şi bi­len sa­çy gör­kez­ýär. Çün­ki egin-ba­şa nä­çe ti­mar be­ril­se-de, köp­lenç, ah­mal edil­ýän iki när­se şu­lar. Şo­nuň üçin il­ki aýa­ga – mad­dy ýag­da­ýa ga­ra­ýan adam­dan howp­ly duş­man ýok.
Unut­maň,
DOST BA­ŞA, DUŞ­MAN AÝA­GA BA­KAR!