Ýa­ba­ny haý­wan­la­ry ýa­kyn­dan öw­ren­ýän bio­log Bar­ba­ra Klu­kas ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­tyn­da ýy­lan­lar bi­len bel­ka­la­ryň ara­syn­da bo­lup, tä­sin he­re­ke­ti anyk­la­dy. Ýaz pas­lyn­da ýy­lan­la­ryň de­ri­si­niň daş­ky ýu­ka gat­la­gy­ny (gow) aýyr­ýan­dyk­la­ry ozal­dan mä­lim­dir. Klu­kas ýer­de ýa­şa­ýan bel­ka­la­ryň şol ýy­lan go­wy­ny çeý­näp, de­ri­si­ne çal­ýan­dy­gy­ny gö­rüp­dir. Bio­log onuň se­bä­bi­ni anyk­la­ma­ga gi­ri­şip­dir. Tej­ri­be­li bio­log la­bo­ra­to­ri­ýa­syn­da ge­çi­ren bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, ýy­lan­la­ryň öz awu­ny ysy ar­ka­ly tap­ýan­dy­gy­ny, bel­ka­nyň tüý­le­ri­ne ýy­lan de­ri­si­ni ça­l­ma­gy bi­len onuň öz ysy­nyň ýi­tip, ýy­la­nyň ysy­nyň peý­da bol­ýan­dy­gy­ny, şol se­bäp­li ýy­lan­la­ryň ola­ry ta­pyp bil­me­ýän­di­gi­ni anyk­la­ýar. Klu­ka­syň aýt­ma­gy­na gö­rä, üs­tün­de ýy­la­nyň ysy bo­lan bel­ka hi­nin­de ýy­landan heder etmän ýa­şa­ýar.

Dün­ýä­niň iň uly gu­şy ha­sap­lan­ýan dü­ýe­guş­la­ryň ýu­murt­gasy hem ulu­dyr. Dü­ýe­gu­şuň bir ýu­murt­ga­sy­nyň ag­ra­my üç ki­log­ra­ma, ulu­ly­gy 15 san­ti­met­re ba­ra­bar­dyr. Olar şeý­le uly bo­lan­soň Af­ri­ka­nyň Ka­la­ha­ri çö­lün­de ýa­şa­ýan adam­lar dü­ýe­guş ýu­murt­ga­sy­ny suw ga­by hök­mün­de hem ulan­ýar­lar. Oňa iki lit­re go­laý suw syg­ýar. Bir dü­ýe­gu­şuň ag­ra­my alt­myş dü­ýe­guş ýu­murt­ga­sy­na ba­ra­bar­dyr. Onuň bir ýu­murt­ga­sy­nyň ag­ra­my to­wugyň 12 ýu­murt­ga­sy­na de­ňe­çer bol­ýar. Dün­ýä­niň iň ki­çi gu­şy bo­lan gir­de­nek ko­lib­ri­niň ýu­murt­ga­sy mä­şiň dä­ne­sin­den sä­hel uly bol­ýar. Bu ýu­murt­ga­dan dü­ýe­guş ýu­murt­ga­sy­na 5 600 sa­ny­sy syg­ýar.