XIX asyryň ahyrynda «atsyz araba» ady bilen peýda bolan awtoulaglar häzirki wagtda adamzat durmuşyna giňden ornaşdy. Senagatyň iň girdejili pudaklarynyň biri hasaplanýan awtoulag önümçiligi bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Awtoulag diýlende, adatça, dört tigirli, 5 orunlyk ýeňil awtoulag göz öňüne gelýär, ýöne dünýäde bu görkezijiden has kiçi awtoulaglar hem öndürilýär. Awtoulagyň şeýle görnüşleriniň az sanlysy öndürilipdir. Şu wagta çenli öndürilen iň kiçi awtoulaglardan käbirleri baradaky maglumatlary size ýetirýäris:
«Brütsch Mopetta». Egon Brýuç 1956-njy ýylda geçirilen halkara welosiped we motosikl sergisinde görkezmek üçin kiçijik awtoulag gerekdi. 1958-nji ýylda ýumurtga şekilli, bir oturgyçly, üç tigirli awtoulagyň soňky nusgasy taýýarlandy. Onuň uzynlygy 1,70 metre, ini 0,88 metre, agramy bolsa bary-ýogy 78 kilograma barabardy. Bu ulagdan bary-ýogy 14 sanysy öndürilipdir. Häzirki wagtda «Brütsch Mopetta» awtoulagynyň 5-si abat saklanyp galypdyr.
«Isetta». Ulaglary dizaýn etmekde italýan inženerleriniň baý tejribesiniň bardygy hemmä mälimdir. Geçen asyryň ikinji ýarymynda dünýäde çig mal ýetmezçiliginiň ýüze çykmagy bilen awtoulag önümçiliginde demiriň ýerine beýleki materiallar ulanylyp başlanýar. Şol döwür has kiçi ulaglar hem ýoň bolýar. Italiýanyň «Iso Autoveicoli» kompaniýasy iň kiçi awtoulagy işläp taýýarlaýar. Bir orunlyk we bir gapyly bu awtoulag Argentinada, Ispaniýada, Belgiýada, Fransiýada, Braziliýada, Germaniýada we Birleşen Patyşalykda köpçülikleýin satuwa hödürlenýär. 1955-nji ýylda BMW kompaniýasy hem öz «Isetta»-synyň önümçiligini ýola goýýar. Bu awtoulag dünýäde köpçülikleýin önümçiligi ýola goýlan, adaty ýangyçly ulag bolýar. 100 kilometr ýol üçin 3 litr ýangyç sarp edýän bu awtoulag dünýäde iň köp satylan bir silindrli awtoulag bolýar.
«Peel P50». Merkezi edarasy Beýik Britaniýanyň Man adasynda ýerleşýän «Peel Engineering» kompaniýasy tarapyndan öndürilen bu kiçijik awtoulag 1962-nji ýyldan 1965-nji ýyla çenli aralykda öndürilýär. Şäher ulagy hökmünde dizaýn edilen kindiwanja ulag awtoulag minimalizminiň nyşany hasaplanýar. Bir gapy we bir çyrasy bolan «Peel Engineering» 2010-njy ýylda iň kiçi awtoulag hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilýär. Awtoulag kolleksionçylarynyň iň arzyly ulaglarynyň birine öwrülen ulagdan jemi 50 sanysy öndürilipdir. Häzirki wagtda 27 sanysy saklanyp galan ulag 2016-njy ýylda 176 müň dollara satyldy.
«Elva MK VI». «Elva MK VI» atly bu kiçijik awtoulagyň boýy 660 mm, uzynlygy 3581 mm we ini 1448 mm-e barabar. Ýaryş awtoulagy hökmünde döredilen awtoulagda göwrümi 1.1 litr, 4 silindrli, 8 klapanly «Conventry Climax» hereketlendirijiler oturdylypdyr. 28 bölekden ybarat şassisiniň köpüsi iňlis ýaryş awtoulagyndan alnan «Elva» Elwis Presli we Ann-Margretiň baş keşbini janlandyran «Wiva Las Wegas» filminde-de surata düşürildi.
«Autobianchi Bianchina Transformable». «Autobianchi» tarapyndan öndürilen bu kiçijik italýan awtoulagy 1955-nji we 1995-nji ýyllar aralygynda «Fiat», «Bianchi» we «Pirelli» tarapyndan döredildi. «Fiat 500» bilen uly meňzeşligi bolan «Bianchina Transformable» «Autobianchi»-niň iň kiçi awtoulagydyr. Uzynlygy 2985 mm, ini 1349 mm we beýikligi 1320 mm bolan gaty kiçi ulag «Bianchina Transformable»-yň agramy 510 kg deňdir. Ilkibaşda kuwwaty 15 at güýjüne barabar bolan «Fiat» hereketlendirijisi oturdylan bu modelde soňra 21 at güýçli hereketlendiriji oturdyldy.
«Piaggio Vespa 400». Agramy 360 kg bolan «Piaggio Vespa 400» ulagyň uzynlygy 2855 mm, ini 1270 mm we beýikligi 1270 mm bolan dünýäde iň kiçi awtoulagdyr. Dizaýny italýan «Piaggio» kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilen ulagyň önümçiligini Fransiýanyň ACMA kompaniýasy ýola goýýar. Tizligi sagatda 90 kilometre ýetýän iki orunlyk ulagyň kuwwaty 14 at güýjüne ýetýär. 1957-1961-nji ýyllar aralygynda öndürilen ulagyň hereketlendirijileri yz tarapynda ýerleşdirilipdir. Ulagyň «Luxe», «Tourisme» we «GT» atly jemi üç nusgasy bolupdyr.
«Tango T600». Rik Wudberi tarapyndan esaslandyrylan «Commuters Cars» tarapyndan öndürilen bu elektroulagy şäher ýakasynda ýaşaýanlar üçin niýetlenipdir. Sanawymyzdaky köp modeller bilen deňeşdirilende gaty agyr ulag bolan «Tango T600», agramy 1508 kg, uzynlygy 2591 mm we beýikligi 1549 mm-dir. Şeýle hem, ini 991 millimetr bolan dünýädäki iň insiz awtoulaglaryň biridir. Multfilmlerdäki awtoulaglary ýada salýan «Tango T600» modeli, bir gezekki zarýady bilen 160 kilometr ýol geçip bilýär. Ulagyň iň ýokary tizligi 110 kilometre ýetýär.
«Mirai». Ýaponiýanyň «Okayama Sanyo» orta mekdebiniň okuwçylary tarapyndan işlenip düzülen «Mirai» atly bu elektrokaryň beýikligi bary-ýogy 45,2 santimetre ýetýär. 2010-njy ýylda döredilen bir orunlyk awtoulag bir gezekki zarýady bilen 80 kilometr ýol geçýär. Sagatdaky tizligi 50 kilometre ýetýän ulagyň agramy 280 kilograma ýetýär. Awtoulagyň uzynlygy 2480 mm-e we ini 1254 mm-e ýetýär.
«Corbin Sparrow». Üç tigirli «Morgan EV3» ulagyna meňzeş bolan «Corbin Sparrow» 1999-njy ýylda «Corbin Motors» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Üç tigirli awtoulagyň agramy 610 kilogram bolup, uzynlygy 2438 mm-e, ini 1219 mm-e we beýikligi 1448 mm-e ýetýär. Bir gezekki zarýady bilen 64 kilometr ýol geçýän ulagyň ýokary tizligi sagatda 112 kilometre barabar.