15-nji aprelde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri desgalaryň ikisiniň — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy.
Şanly waka mynasybetli bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, milli parlamentiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de BMG-niň we onuň düzümleriniň wekilhanalarynyň, beýleki abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Çandybil şaýolunyň ugrunda gurlan Maslahatlar merkezi we Kabul ediş merkezini gurmak ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän meşhur “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanyldy.
Bu desgalaryň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda ulanylmaga berilmeginiň çuň manysy bardyr. Paýtagtymyzyň günorta böleginde gurlan beýleki täze, ajaýyp desgalar bilen birlikde, olar Köpetdagyň etegindäki tebigy landşaft bilen täsin we özboluşly sazlaşyk döredýär.
Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi
Maslahatlar merkeziniň umumy meýdany 47 müň 464 inedördül metre barabardyr. Bu äpet binanyň beýikligi 38,65 metre, uzynlygy 190 metre barabardyr. Onuň gurluşygy üçin 9,37 gektar ýer bölegi bölünip berildi. Ýaşyl zolagyň meýdany 46 müň 23 inedördül metre deňdir.
Maslahatlar merkezinde ähli şertler döredildi, şol sanda sebit hem-de dünýä derejesindäki forumlary, duşuşyklarydyr gepleşikleri, şeýle hem metbugat maslahatlaryny we beýleki çäreleri geçirmek üçin bu merkez öňdebaryjy kompýuter we beýleki tehniki enjamlar, sanly tehnologiýalary bilen doly üpjün edildi.
Bu ýerde 500 orunlyk sammitler zaly ýerleşýär. Zalda şeýle hem 80 orunlyk stoluň başynda gepleşikleri geçirmek üçin mümkinçilik döredildi. Mundan başga-da bu ýerde 403 orunlyk multimediýa zaly, metbugat, resminamalara gol çekmek, dynç almak üçin zallar bar.
Maslahatlar merkeziniň içki bezeginde häzirki zaman suratkeşleriniň nakgaş eserleri ulanyldy, şeýle hem ussat halyçylarymyzyň dokan guş gölli halylary binanyň otaglaryna aýratyn görk berýär. Bularyň ählisi reňkleriň köpöwüşginliligi bilen birlikde, binanyň bezegine özboluşly öwüşgin çaýýar.
Kabul ediş merkezi
Maslahatlar merkeziniň hem-de onuň golaýynda ýerleşen Kabul ediş merkeziniň ägirtligi haýran galdyrýar. Olaryň keşbinde häzirki zaman binagärligi we bezeg ýörelgeleri gadymy milli binagärligiň däpleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Binalaryň öň tarapyny ak reňkli sütünler we altynsow witražlar bezeýär. Binalara ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi.
Ýeri gelende aýtsak, paýtagtymyzda hem-de tutuş ýurdumyzda gurluşyk taslamalary işlenip taýýarlananda we durmuşa geçirilende, bag ekmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz bu meselä uly üns berip, diňe bir estetiki babatda däl, eýsem, ekologiýa nukdaýnazaryndan hem onuň ähmiýetini belleýär.
Kabul ediş merkezi jemi 26 müň 854 inedördül metr meýdanda ýerleşýär. Merkeziň esasy zaly 1 müň orunlyk bolup, ol banketler, dabaralar zaly diýlip atlandyrylýar. Bu zal meşhur daşary ýurtly önüm öndürijileriň oňaýly we döwrebap mebelleri bilen üpjün edildi hem-de ajaýyp türkmen el halylary bilen bezeldi.
Mundan başga-da Kabul ediş merkezinde myhmanlary garşylamak üçin niýetlenen otaglar ýerleşýär. Binanyň bezeginde binagärligiň özboluşly ýörelgeleri ulanyldy. Garderobly hol we beýleki zallar Türkmenistanyň ajaýyp tebigatyny beýan edýän nakgaş eserleri bilen bezeldi.