15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahat geçirildi.
Ýokary derejedäki çäre şol gün dabaraly ýagdaýda açylan täze Türkmenistanyň Maslahatlar merkezinde geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýerli KHBS-niň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler we wideoaragatnaşyk arkaly abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Halkara maslahatda Hormatly Prezidentimiz bu maslahatyň Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýylynda geçirilmeginiň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanmyz döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylyk söýüjilik, dostluk gatnaşyklary ösdürmäge Türkmenistanyň berk ygrarlydygyny nygtady we şeýle-de halkara hyzmatdaşlar bilen özara hereketleri giňeltmäge çagyrdy.
ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman boýunça Ykdysady we Sosial komissiýasynyň (ESCATO) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alisjahban wideoaragatnaşyk arkaly çykyş etdi.
Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wagtlaýyn utgaşdyryjysy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Maslahatda şeýle-de Aleksandr Blohin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mettýu Stiwen Klimow, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso çykyş etdiler.
Çykyş edenler «Parahatçylyk we ynanyşmak — bu günki gün Ýer ýüzüniň halklaryna we döwletlerine örän zerur bolup, olar türkmeniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde iş ýüzünde tassyklanmalaryň köplügine eýe boldy we köpsanly ykdysady we ynsanperwer häsiýetli taslamalarda öz beýanyny tapýan döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak gatnaşyklary ilerletmekde Türkmenistanyň ornuny bellediler.
Maslahatdan soňra halkara resminamalara gol çekmek dabarasy boldy
“Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (ÝUNESKO) arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk barada Ähtnama”, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Energetika Agentliginiň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama”, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň edarasynyň arasynda dil we medeniýet köpdürlüligi boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama, “Iýmit çygrynda mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleýin platformany ýerleşdirmek we işletmek arkaly Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz sebitlerinde eneleriň we çagalaryň iýmitlenmegini gowulandyrmaga ýardam etmek barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama” gol çekdiler.