20-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň arasynda geçirilýän halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi.
2009-njy ýyldan bäri geçirilýän bu bäsleşigiň birinji tapgyryna gamyşgulak bedewleriň 50-si gatnaşdy. Şolaryň içinden owadanlygy bilen saýlanan atlaryň 20-sini ikinji tapgyra gatnaşdyrmaga hukuk berildi. Halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyryna gatnaşan atlar Gelşikliniň, Gyrsakaryň, Gaplaňyň, Pereňiň, Skagyň, Meleguşuň, Eýeberdi Telekäniň ugrundan bolan bedewlerdir. Bu tapgyrda atlar iki gezek gözellik meýdançasyna çykdylar. Olar ilkinji gezekde asyl durkunda meýdança çykyp, öz tebigy owadanlyklaryny görkezdiler. Ikinji gezekde bolsa owadan haşamlanan at esbaplaryna hem-de ýörite niýetlenen milli şaý-seplere beslenip, gözellik meýdançasyna geldiler.
Dabarasy dünýä dolan ahalteke atlarynyň şol günki bäsleşigine eminlik edenleriň arasynda belli atşynaslar hem boldular. Özüniň gylyk-häsiýeti, zybalygy, täsin hereketleri bilen garşydaşlaryndan tapawutlanýan bedewleri ýakyndan synlap, gözden geçiren eminler topary bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, olaryň 10-syny saýlady. Olar bu bäsleşigiň jemleýji — üçünji tapgyryna gatnaşar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýunyň dabaraly bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen bäsleşigiň jemleýji tapgyry ýakyn günlerde — baýramçylygyň öňüsyrasynda geçiriler.