20-nji aprelde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň birinji tapgyryna gatnaşan 70-den gowrak alabaýdan öz gujurdyr edermenligi bilen tapawutlananlarynyň 25-si gatnaşdy.
Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bir günde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna ministrlikleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de alabaý itleriniň köp sanly janköýerleri gatnaşdylar.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyna, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna, hususy itşynaslara degişli bolan alabaýlaryň çykyşy olaryň bäsleşige ýokary derejede taýýarlanylandygyny görkezdi. Bäsleşikde 0,5 metrden 2,5 metre çenli bolan päsgelçiliklerden üstünlikli geçip, öz eýeleri bilen dil tapyşmagy başarýan alabaýlaryň her bir hereketi olaryň edermenliginden, düşbüliginden habar berýär.
«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi Türkmen alabaýynyň baýramynyň bellenilýän güni kesgitlener.