Mary welaýatynda ýerleşýän “Halal Dogan” hususy kärhanasy türkmen pomidorlaryny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Wena wekilhanasynyň goldawy bilen Awstriýa eksport etdi.

Döwrebap ýyladyşhana toplumlarynda ösdürilip ýetişdirilen pomidorlar Ýewropanyň ähli kadalaryna we ülňülerine laýyk gelýär. Çogly Günüň astynda ösdürilip ýetişdirilen türkmen pomidorlary örän tagamly bolýar. Bu bolsa harydyň hyrydarlaryny sanyny artdyrýar.

Saýlama pomidor ýüklenen ilkinji ýük ulagy Wenanyň lomaý bazarynda degişli gümrük barlagyndan geçenden soň ýurduň söwda nokatlaryna paýlandy.