28-nji aprelde Milli Geňeşiň Mejlisinde Parlamentleriň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk görnüşinde «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly duşuşyk geçirildi. Bu çäre türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça guraldy hem-de şanly senelere – Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyldy.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da par­la­men­ta­riz­miň gu­ral­la­ry­ny hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ulan­mak bi­len bag­ly ne­ti­je­li pi­kir alyş­ma­lar ge­çi­ril­di. Wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly dün­ýä­niň en­çe­me ýurt­la­ry­nyň par­la­ment­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry diň­le­nil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 2021-nji ýy­ly Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samble­ýa­sy ta­ra­pyn­dan bi­ra­gyz­dan gol­da­nyl­dy hem-de 2019-njy ýyl­da de­giş­li Ka­rar­na­ma­da ber­ki­dil­di we äh­li döw­let­le­re dün­ýä­niň yk­ba­ly üçin öz jo­gap­kär­çi­li­gi­ni duý­ma­ga, art­ýan nä­gi­le­lik­le­ri du­ruz­ma­ga, hä­zir­ki za­man hal­ka­ra ýag­da­ýy­ny sel­jer­mä­ge we oňa ta­ry­hy hem-de gel­je­giň nuk­daý­na­za­ryn­dan paý­has­ly ga­ra­ma­ga öz­bo­luş­ly ça­gy­ryş bo­lup ýaň­lan­dy diý­lip, mas­la­hat­da nyg­tal­dy.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, par­la­ment­le­riň bi­le­lik­dä­ki iş­le­ri aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny go­wu­lan­dyr­mak, dün­ýä sy­ýa­sa­tyn­da­ky yna­nyş­ma­gy di­kelt­mek, halk­la­ryň ara­syn­da­ky hor­mat goý­mak gat­na­şyk­la­ry­nyň me­de­ni­ýe­ti­ni ber­kit­mek üçin ze­rur şert­le­ri dö­red­ýär.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Rus­si­ýa­nyň, Hy­ta­ýyň, Tür­ki­ýä­niň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň, Pa­kis­ta­nyň, Ow­ga­nys­ta­nyň, Be­la­ru­suň, Azer­baý­ja­nyň, Er­me­nis­ta­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Mol­do­wa­nyň hem-de beý­le­ki­le­riň par­la­ment­le­ri­niň we dür­li ge­ňeş­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň hem-de we­kil­le­ri­niň wi­deo­ýüz­len­me­le­ri diň­le­nil­di.
Çy­kyş­lar­da Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy­ny, howp­suz­ly­gy hem-de dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da, hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de oý­la­ny­şyk­ly çöz­güt­le­ri iş­läp düz­mek­de eýe­le­ýän iş­jeň or­ny nyg­tal­dy.
Şun­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň döw­let­le­riň hem-de halk­la­ryň ara­syn­da­ky öza­ra dü­şü­niş­mek we raý­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny iler­let­mek, mi­ze­mez umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bit­le­ri­ne ga­bat gel­ýän ne­ti­je­li, hor­mat goý­mak gat­na­şyk­la­ry­ny we kö­pu­gur­ly ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ba­ba­tyn­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­nyň aý­ra­tyn wa­jyp­ly­gy bel­le­nil­di.
Hal­ka­ra par­la­men­ti­niň gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň ha­ta­ryn­da hö­kü­met­le­riň gol çe­ken hal­ka­ra şert­na­ma­la­ry­nyň we yla­la­şyk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň ke­pil­len­di­ril­me­gi, hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy, tu­tuş dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de howp­suz­ly­gy gol­da­mak­da BMG-niň or­nu­nyň tas­syk­la­nyl­ma­gy, uzak­möh­let­le­ýin dur­nuk­ly­ly­gy sak­la­mak, je­del­le­riň we gap­ma-gar­şy­lyk­la­ryň öňü­ni al­ma­gyň mö­hüm gu­ra­ly hök­mün­de öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny gol­da­mak hem-de ber­kit­mek we beý­le­ki­ler gör­ke­zil­di.
Şo­nuň ýa­ly-da, du­şu­şyk­da Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň çäk­le­rin­de bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri ge­çir­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy, par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy.
«Par­la­men­ta­ri­le­riň hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyş­ma­gy ber­kit­mek­dä­ki or­ny» at­ly du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar türk­men ta­ra­py­na bu mas­la­ha­ty ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ran­dy­gy üçin ho­şal­lyk bil­dir­di­ler hem-de jem­leý­ji res­mi­na­ma­ny ka­bul et­di­ler. On­da oňyn se­bit hem-de äh­lu­mu­my he­re­ket­le­ri hö­wes­len­dir­mek­de, Ýer ýü­zün­de dur­nuk­ly ösü­şiň we gül­läp ösü­şiň bäh­bi­di­ne pa­ra­hat­çy­lyk hem-de yna­nyş­mak me­de­ni­ýe­ti­ni iler­let­mek­de bi­le­lik­de iş­le­me­giň esa­sy düz­gün­le­ri ber­ki­dil­di.