Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň hatarynda öz ornuny berkidýän Aşgabadymyz bagy-bossanly şäher hökmünde ykrar edildi. Diýarymyzyň baş şäheri we onuň töwerekleri hemişe gök öwüsýän tokaýlyklar bilen gurşaldy. Munuň özi bu künjekleriň ýokary ekologiýa derejesini üpjün edýär. Golaýda paýtagtymyzyň hemişe arassa hem-de tämiz bolmagy ugrunda irginsiz alada edýän milli Liderimiziň baştutanlygynda ählihalk ýowary geçirildi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen köpçülikleýin bag oturtmak, arassaçylyk işleri ýokary ruhubelentlige beslendi.
Paýtagtymyzyň ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalarynyň daş-töweregini gurşap duran baglardyr köpýyllyk we möwsümleýin güller diňe bir paýtagtymyzyň görküni artdyrmak bilen çäklenmän, howasyny-da arassalaýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagy ýaly wajyp wezipe üstünlikli çözülýär. Milli Liderimiziň tagallasy netijesinde, mähriban Diýarymyzda Milli tokaý maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Muňa ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalarynyň töwereklerinde, awtoulag we demir ýollarynyň ugrunda, derýalaryň, akabalaryň kenarlarynda döredilýän gök zolaklar hem şaýatlyk edýär.
Aşgabadyň günorta künjegindäki döwrebap binalar dag etekleriniň ajaýyp tebigaty bilen sazlaşýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen paýtagtymyz özüniň binagärlik gözelligine eýe bolup, adamlaryň rahat hem bagtyýar ýaşamaklary üçin iň oňaýly şäherleriň birine öwrüldi. Şu günler ýurdumyzda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygyna uludan taýýarlyk görülýär. Geçirilýän abadançylyk işleri paýtagtymyzyň gözelligini täze öwüşginlere besleýär. Bu bolsa Aşgabadyň binagärlik sungatynyň tebigat bilen sazlaşykly ösdürilýändigini şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat gysga wagtyň içinde dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrüldi. Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde giňden tanalýan baş şäherimiz gözel künjekleri – seýilgähleridir ak mermere beslenen binalary, medeni-durmuş maksatly täsin desgalary, ähli şertleri özünde jemleýän ýaşaýyş toplumlary bilen görenleri haýrana goýýar. Bu ýerlerde yzygiderli geçirilýän arassaçylyk hem-de abadanlaşdyryş işleri baş şäherimiziň hemişe abadan hem-de tämiz bolmagyna şert döredýär.
Merjen paýtagtymyz binagärlik keşbi, desgalarynyň we şaýollarynyň sazlaşyklylygy we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Aşgabat dünýäde iň arassa, owadan we adamlaryň ýaşaýyş-durmuş hajatlary üçin iň amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriň hataryna goşuldy. Paýtagtymyzyň birnäçe desgalary özleriniň binagärlik özboluşlylygy, milli öwüşginliligi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerlerde we şaýollaryň ugrunda dürli maksatly binalaryň birnäçesi gurlup ulanmaga berildi. Bu binalar ýol-ulag düzümine degişli desgalar, seýilgäh zolaklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, şäheriň gözelligine gözellik goşýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde batly depginlerde ösýän, sebitde parahatçylyk dörediji merkeze, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrülen ak şäherimiz Aşgabat biziň buýsanjymyzdyr. Aşgabady dünýä nusgalyk şähere öwürmekde tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!
Maýa MISEKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.