Gün­de­lik ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän me­bel­le­riň üs­tün­dä­ki to­za­ny we ha­pa­la­ry aýyr­mak, ke­ra­mi­ka önüm­le­rini sü­pür­mek, ýuw­nul­ýan otag­da­ky gyr­man­ça­la­ry ýuw­mak, ha­ly-pa­las­lar­da­ky ça­ňy silk­mek ada­ty aras­sa­la­ýyş amal­la­ry­dyr. Arassalamagyň has düýpli usuly bolan zy­ýan­syz­lan­dy­ryş bol­sa ada­ty aras­sa­la­ýyş amal­la­ryn­dan ta­pa­wut­la­nyp, ol adam sag­ly­gy üçin diý­seň mö­hüm we jo­gap­kär­li iş­dir.
Zy­ýan­syz­lan­dy­ryş wi­rus­lar­dan we bak­te­ri­ýa­lar­dan kö­me­lek­le­re çen­li pa­to­gen­le­ri ýok ed­ýän mad­da­la­ry öz içi­ne al­ýan ýö­ri­te an­ti­bak­te­ri­al hem-de wi­ru­sa gar­şy se­riş­de­le­ri ulan­mak­dyr. Zy­ýan­syz­lan­dy­ry­şyň dür­li gör­nüş­le­ri bol­sa-da, mak­sat he­mi­şe bir­meň­zeş – ota­gy ýa-da aý­ry-aý­ry goş-go­lam­la­ry zy­ýan­ly mik­ro­bio­lo­gik ha­pa­lan­ma­lar­dan we ýo­kanç­lyk­lar­dan aras­sa­la­mak.

Zy­ýan­syz­lan­dy­ry­şyň üç gör­nü­şi bar:
Öňü­ni alyş – me­bel­le­ri, öý goş­la­ry­ny, ga­py­nyň tu­ta­waç­la­ry­ny, pol­la­ry we di­war­la­ry ýö­ri­te an­ti­bak­te­ri­al se­riş­de­ler bi­len aras­sa­la­mak, an­ti­sep­tik se­riş­de­ler bi­len el­le­ri zy­ýan­syz­lan­dyr­mak. Bu usul yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ma­ly.
Ada­ty – epi­de­mi­ýa­nyň ýaý­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak we pa­to­gen­le­ri zy­ýan­syz­lan­dyr­mak üçin bak­te­ri­ýa­la­ryň do­wam­ly sak­lan­ýan ýe­rin­de: öý­ler­de, iş otag­la­ryn­da, köp­çü­lik­le­ýin ulag se­riş­de­le­rin­de ge­çi­ril­ýär.
Ahyr­ky – ýo­kan­jyň esa­sy çeş­me­si anyk­la­nyp, de­giş­li iş­ler ge­çi­ri­len­den soň, pa­to­gen­le­ri do­ly ýok et­mek hem-de ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­da ýa­şa­ýan we döw­let eda­ra­la­ryn­da zäh­met çek­ýän adam­la­ry ke­sel­den go­ra­mak üçin köp­çü­lik­le­ýin ge­çi­ril­ýär.
Zy­ýan­syz­lan­dy­ryş çä­re­le­ri­niň ýy­gy­ly­gy maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň sag­lyk ýag­da­ýy­na, öý­de otur­ýan­dy­gy­na ýa-da iş­le­ýän­di­gi­ne, ra­hat­syz­lyk duý­ýan­dy­gy­na ýa-da duý­ma­ýan­dy­gy­na, dem alyş ýol­la­ry­nyň ala­mat­la­ry­na bag­ly bo­lup dur­ýar. Is­len­dik ýa­şa­ýyş ja­ýy­ny ýa-da iş ýe­ri­ni zy­ýan­ly mik­ro­or­ga­nizm­ler­den aras­sa­la­ny­ňyz­da adam sag­ly­gy we te­bi­gat üçin howp­suz an­ti­bak­te­ri­al se­riş­de­le­ri ulan­mak mas­la­hat be­ril­ýär.

Aý­na ŞA­DUR­DY­ÝE­WA,
Ker­ki et­ra­by­nyň Aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş gul­lu­gy­nyň iş­gä­ri.