Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine Balkan we Mary welaýatlarynyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

Türkmenistanyň halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ulgamlaýyn esasda ösdürmek we berkitmek, şeýle hem Türkmenistanyň öňe süren halkara başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2021-2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasy tassyklanyldy.

Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Meýilnamada bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Daşary işler ministrligi Meýilnamany amala aşyrmak boýunça utgaşdyryjy edara diýip kesgitlenildi.