Ýer ýüzündäki tokaýlar, seýilgähler, öri meýdanlar we otluklar bilen örtülen ýerler howanyň arassalanmagyna, ýaşaýşyň we baý ekoulgamyň dowam etmegine ýardam edýär. Tokaýlaryň azalmagy topraga, akar suwa, ösümlik we haýwanat dünýäsine zeper ýetirýär. Ösümlik dünýäsiniň ýok bolmagy ýagyn zerarly topragyň süýşmegine, derýalaryň we kölleriň gyrmançalar bilen gömülmegine sebäp bolýar. Bu bolsa ekin meýdanlaryndaky topragyň arryklamagyna, suw jandarlarynyň azalmagyna getirýär. Agaçlar edil saýawan ýaly ýagyş damjasynyň ýere güýçli urmagynyň öňüni alýar. Şeýle hem ösümlikleriň kökleri topragyň ýagyş suwy bilen süýşmeginiň öňüni alýar. Bu ýagdaý dag eteklerinde we dik depeleriň ýapgydynda has täsirli bolýar.
Tokaýlaryň tebigat üçin näderejede ähmiýetlidigini bilmek üçin öý şertlerinde kiçijik tejribe hem geçirip bilersiňiz. Munuň üçin iki sany uly, iki sany kiçi plastik gap, toprak, suw, haýsydyr bir ekiniň tohumy, ýüp, gaýçy gerek.
Uly plastik gaplaryň bir tarapyny dikligine kesip aýryň! Kiçi gaplaryň bolsa diňe aşaky bölegini kesip, iki gapdalyna ýüpjagaz daňyp, bedrejik ýasaň! Kesilen uly gaplaryň ikisine hem toprak salyň! Olaryň birine dary, bugdaý ýa-da haýsydyr bir ekin ekiň! Beýleki gapdaky topraga bolsa hiç zat ekmäň! Kese duran gaplaryň agzyna hälki bedrejikleri asyň! Gaplaryň ikisine hem edil ýagyş ýagan ýaly edip sepeläp, suw beriň! Birnäçe günden soňra eken tohumyňyz şineläp, ösüp başlar. Boş topraga beren suwuňyz gabyň gapagyndan bulanyk görnüşde akyp, bedrejige akar. Ekinli ýere berlen suwuň bolsa aňsatlyk bilen topraga siňýändigini görersiňiz. Ekinli gaba köp suw berlende hem ondan akan suwuň has durudygyny görersiňiz. Eýsem, bu nädip beýle boldy?
Onuň birinji sebäbi kökleriň topragy saklamagy bilen bagly. Ikinjisi bolsa, ekiniň topraga düşýän suw damjalarynyň tizligini peseltmegi bilen bagly. Bu ikisi ýagşyň topraga ýetirýän täsirini azaldýar. Tokaýlardaky agaçlaryň we beýleki ösümlikleriň hem kökleri ýeriň aşagyna uzap gidýär. Şeýlelikde, ösümlikler diňe howany arassalaman, ýagyn sebäpli topragyň zaýalanmagynyň hem öňüni alýar.